Ýur­du­myzyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň esaslary

09-12-25

Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän hoş­ni­ýet­li, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li asyl­ly ýö­rel­ge­si bar. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­lar bi­len üç ge­zek yk­rar edil­me­gi hem tas­syk­la­ýar.

Milli Liderimiziň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň öňe sür­ýän pa­ra­hat­çy­lyk­ly baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap döw­let hök­mün­dä­ki or­ny bar­ha beý­gel­ýär. Ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty hä­zir­ki za­ma­nyň umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry­ny na­zar­la­ýar. Ýur­du­myz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ös­dür­ýär.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň örän uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Çün­ki bi­ta­rap­lyk we pa­ra­hat­çy­lyk bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýur­du­my­zyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da bi­ta­rap­ly­gyň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň oňyn ne­ti­je­le­ri hä­zir­ki za­man ösü­şi­niň dür­li ugur­la­ryn­da aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýur­du­myz hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sü­rüp, dün­ýä nus­ga­lyk gö­rel­de gör­kez­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň hem-de BMG-niň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 80 ýyl­ly­gy­nyň giň­den bel­le­nil­ýän Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­daky şanly wa­ka­lar, ge­lip go­wuş­ýan hoş ha­bar­lar mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Ber­ka­rar döw­le­ti­miz oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýa­ly aja­ýyp gym­mat­lyk­la­ra esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­rip, ýurt­lar bi­len dost-do­gan­lyk, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny bar­ha pug­ta­lan­dyr­ýar. Şu ýy­lyň aw­gus­tyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň şan­ly se­ne­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň se­bit we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bin­dä­ki mö­hüm me­se­le­le­riň çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär.

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Toýmyrat HOJAGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.