Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
27-02-26
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň täze belentliklerine çykdy. Ýurdumyzda öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan, iň kämil, dünýä derejesindäki saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlardyr etrap merkezlerinde döwrebap hassahanalaryň, şypahanalardyr sagaldyş merkezleriniň, sport desgalarynyň giň gerimde gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen asylly işleriň ählisi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa ornaşdyrylyp, bu ugurda örän wajyp meýilnamalar amala aşyrylýar. Ata Watanymyzda ösýän ýüzlerçe dermanlyk ösümlikler esasynda ynsan saglygyny dikeltmekde wajyp işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň dermanlyk ösümliklerden melhem ýasamakda gymmatly maglumatlara baý bolan «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary häzirki wagtda dünýä derejesinde lukmançylyk ylmynyň ösmeginde ygtybarly gollanmalar bolup durýar.
Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň Saglygy goraýyş we derman senagat işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň çapdan çykmagy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine toý sowgady boldy. Bu ajaýyp kitaplar türkmen milli lukmançylyk ylmyny ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň täze gözýetimine bagyşlanan gymmatlyk bolup hyzmat edýär.
Eziz Watanymyzda adamlaryň saglygyny goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejelerine laýyklykda ösdürmek, keselleriň öňüni almak, ilaty saglygy goraýyş hyzmatlary bilen doly derejede üpjün etmek işine möhüm wezipeleriň hatarynda goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda neşir edilen täze kitaby «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» diýlip atlandyrylyp, onda milli saglygy goraýşyň we derman senagatynyň ösüşli menzilleri, geçen döwürde gazanylan üstünlikler barada anyk maglumatlar arkaly täsirli gürrüň berilýär. Jemi 22 bölümden ybarat bolan bu kitap bilen tanşanyňda, geçen 30 ýylyň içinde milli saglygy goraýyşda netijeli ösüş-özgertmeleriň gazanylandygyna anyk göz ýetirmek bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby «Il saglygy — ýurt baýlygy» atly bölüm bilen açylýar. «Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy» atly bölümde ulgamyň guramaçylyk işleri, dolandyrylyş işleri barada gürrüň berilýär. Kitapda häzirki döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalaryna hem aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň «Keselleriň öňüni almak — sagdyn durmuşyň esasy», «Sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek», «Döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak» atly bölümlerinde ýurdumyzda öňüni alyş çäreleriniň ýola goýluşy, olaryň oňyn netijeleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Kitaby «Saglygy goraýyş ulgamynyň kämil maddy-tehniki binýady», «Saglygy goraýşyň maliýe üpjünçiligi» atly bölümlerinde bolsa, ýurdumyzda bellenilen maksatnamalara laýyklykda, ulgamy özgertmek boýunça durmuşa geçirilen işler öz beýanyny tapýar. «Sagdyn ene — sagdyn nesil» atly bölümde ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda alnyp barlan işler barada doly maglumatlar bilen tanşyp bolýar. «Hassahana bejergisi» atly bölümde bolsa, ýurdumyzyň hassahanalaryna yzygiderli ornaşdyrylýan döwrebap enjamlaryň adamyň saglygyny goramakdaky ähmiýeti barada bellenilýär.
Täze kitapda milli saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklarynyň ösüşine hem aýratyn bölümler bagyşlanypdyr. «Derman senagatynda ösüşler», «Ilatyň derman serişdeleri bilen üpjünçiligi» atly bölümlerde Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu ugurda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapýar. Kitabyň «Melhemli şypahanalar» atly bölüminde ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri, döredilen şertler barada gürrüň berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň «Saglygy goraýyşda sanly ulgam» atly bölüminde ýurdumyzda sanly lukmançylygy ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilýär. Täze kitap «Saglygy goramak döwletiň baş wezipesidir» atly bölüm bilen jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Arkadagymyzyň saglyk taglymatynyň esasyny düzýän «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly monografiýasy, «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan — melhemler mekany» atly ylmy kitaplary, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edilip, lukmançylyk ylmynyň ösmegine uly goşant goşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Zakirjan HOJAMBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.