Bitarap Türkmenistan – hoşniýetli gatnaşyklaryň ýurdy
09-12-25
Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda halk bähbitli beýik işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan gözbaş alýan daşary syýasat üstünlikli ösdürilýär, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde hyzmatdaşlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň ösmegine netijeli goşant goşdy. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde giňden tanalýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Ösüş-özgerişleriň eýýamy — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň abraý-mertebesi barha ýokarlanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilen işlerde umumadamzat bähbitli beýik işleri görmek bolýar. Şeýle hem ýakyn günlerde ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy ýokary derejede belleniler. Mälim bolşy ýaly, 6-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi halkara derejesindäki çärelere, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ýokary derejedäki taýýarlygy beýan edýär. Bu bolsa ähli ildeşlerimizi tüýs ýürekden buýsandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyz beýik ösüşlere beslenýär. Bu ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, jemgyýetimiziň agzybirliginiň derejesini kesgitleýän düýpli özgertmeleriň rowaç almagydyr. Şeýle rowaçlyklar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmelere güýçli itergi berýär. Şeýle özgertmelerde halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli taryhy wakalary görmek bolýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara derejesindäki çäreler hem munuň aýdyň beýanydyr.
Dünýä derejesinde ykrar edilen türkmen Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünliklere beslenmegi biziň ählimiziň buýsanjymyzy artdyrýar. Şeýle şanly we taryhy günlerde eziz Watanymyzyň ösüşleri, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň rowaçlygy wasp edilýär. Bu asylly işlere bilim işgärleriniň hem mynasyp goşant goşýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän, halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maral ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.