Äleme nusga Bitaraplyk ýörelgämiz

09-12-25

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýändigi her birimizi ruhubelentlige atarýar. Bu şanly günlerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler bagtyýarlygymyzyň nyşany bolup nur saçýar.

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak işinde ýurdumyz abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, bu guramanyň ýörelgelerini halkara bileleşigi bilen özara gatnaşyklara doly laýyk gelýän maksatlar hökmünde kabul etdi. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 30 ýylynyň içinde eziz Diýarymyz dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düýpli ösdürdi.

Garaşsyz Türkmenistanyň halkymyzyň şöhratly taryhyna esaslanyp, oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap alandygyny bütin dünýä ykrar edýär. Bitaraplyk syýasaty, ilkinji nobatda, milli bähbitlerimizi, şeýle hem umumadamzat parahatçylygyny göz öňünde tutýar. Türkmen Bitaraplygynyň esasy binýady parahatçylyk söýüjilikden, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlykdan, olaryň özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamakdan, halkara harby bileleşiklere, harby şertnamalara goşulmazlykdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Bitaraplygy görnüşi boýunça hemişelikdir. Bu bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň wagt taýdan çäklendirilmeýändigini aňladýar. Şeýlelikde, bu derejäniň harby döwürde-de, parahatçylykly döwürde-de hereket etjekdigi şertlendirilýär. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplygy mazmuny babatda oňyndyr. Oňyn Bitaraplyk düşünjesinde parahatçylygy we durnuklylygy goldamak, ähli ýurtlaryň, halklaryň arasynda dostluk hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerinde ýurdumyzyň işjeň orny göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmündäki 30 ýylyň dowamynda alyp baran syýasy işiniň nazaryndan şeýle netije çykarmak mümkin: biziň döwletimiz bu taryhy derejä eýe bolan gününden başlap, özüniň ylalaşdyryjylykly hereketleri we başlangyçlary bilen ýurdumyzyň Bitaraplygynyň hemişelikdigini, oňyndygyny tutuş dünýä subut etdi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna gyşarnyksyz eýerýändigini hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öňe sürülýän syýasy, ykdysady, hukuk, durmuş, ekologik ugurly başlangyçlarymyz aýdyň görkezýär. Bitaraplygymyzyň häzirki döwürde umumymilli gymmatlyga, halkara jemgyýetçiligiň gazanan bahasyz baýlygyna öwrülendigi dünýäde ykrar edilýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edileni bäri geçen taryhy döwür ýurdumyzyň saýlap alan ugrunyň dogrudygyny we esaslydygyny doly görkezdi. Şol döwrüň içinde Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen işjeň hereket etmegiň, beýleki ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşykda bolmagyň gymmatly tejribesini toplady. Eziz Diýarymyz dünýä ýüzünde ynsanperwerlikli, adalatly we döredijilikli tertip-düzgüniň berkarar bolmagy, dürli ýurtlaryň hem-de yklymlaryň ýakynlaşmagy, ählumumy parahatçylygyň, haýyrly işleriň bähbidine halklaryň arasyndaky dostana gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Halkara giňişlikde Türkmenistan ähli meseleleriň diňe syýasy we diplomatik serişdeler arkaly çözülmeginiň tarapdarydygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny amala aşyrmakda Bitaraplyk hukuk ýagdaýy wajyp ähmiýete eýedir.

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi eziz Watanymyzyň alyp barýan parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrýan syýasatynyň binýadynda duran milli gymmatlygymyzyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi. Bitaraplyk Türkmenistan üçin durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan işleriň esasy binýady bolup hyzmat edýär. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde kesgitli borçlary hem üstüne alýar. Öz jogapkärçiligine aýdyň we anyk düşünýän döwletimiz halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

Bedew batly ösüşleriň täze gözýetimlerini açyp, mähriban halkymyzy beýik işlere we ýokary sepgitlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertbesini has-da belende galdyrmaga gönükdirilen beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!

Gurbangeldi AŞIRMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.