«Ösüş arkaly parahatçylyk»
09-12-25
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligidir. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň üçünji gezek ykrar edilmeginiň Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, amatly geosyýasy we geoykdysady ýerleşişi, ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artmagy dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik, 130-dan gowrak ýurdy bilen ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ilerledýär. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, ýurtda öndürilen harytlaryň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde işewürlik gurşawyny we maýa goýum ýagdaýyny has-da kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetiň oňyn töleg we söwda deňagramlylygyny üpjün etmek häzirki döwrüň derwaýys meselelerine öwrülýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan esasy strategik maksatly ugurlary kesgitlenildi. Daşary ykdysady gatnaşyklary okgunly giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak bu ugurlaryň biri bolup çykyş edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň 54-siniň agzasy. Ýurdumyzyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga işjeň goşulyşmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny halklaryň bähbidine gönükdirmäge we sebitde hem-de dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge uly möçberli, uzak möhlete niýetlenilen maýa goýum taslamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge ähli amatlylyklary döredýär.
Bitarap döwletimiz sebitde energetika taýdan kuwwatly döwletleriň biri bolmak bilen, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygyna öwrülýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamy we energetika howpsuzlygy bilen bagly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem-de bu ugurlar boýunça soňky ýyllarda amala aşyrylýan iri taslamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan geografiki taýdan örän amatly ýerleşmek bilen dünýä döwletleriniň ulag-logistika merkezine öwrülýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar, dünýä bazaryndaky orny berkeýär. Bu ugurlarda uly üstünlikleri gazanmaga, bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň köp babatda mümkinçilik berýändigini aýratyn bellemelidir.
Bitarap Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşi ýokary hilli bilim ulgamy bilen aýrylmaz baglydyr. Sebäbi bilimiň hili geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işlejek hünärmenleriň hünär başarnygyna, netijede bolsa ýurduň ykdysady ösüşine täsir edýär. Dünýä ykdysadyýetiniň barha globallaşýan häzirki zaman şertlerinde ykdysady, ekologik, durmuş we medeni ugurlary deňagramly, kadaly ösdürmek üçin ýokary taýýarlykly hünärmenlere bolan zerurlyk günsaýyn artýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli bilim almak, ylmy işler we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanmak üçin has oňaýly şertler döredilýär. Hemişelik Bitarap ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň ýokarlanmagyna, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has hem gowulanmagyna, dünýä hojalygynda milli ykdysadyýetimiziň paýynyň artmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Okuwyň hiliniň we hünärmenleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy bolsa ýurduň halkara derejede bäsdeşlige ukyply, durnukly ykdysady ösüşini üpjün edýär.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülnur KULOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň «Konstitusiya hukugy» ugrunyň 2-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.