Bi­ta­rap­lyk — parahatçylykly ösüşiň aýdyň ýoly

09-12-25

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na ga­dam ba­san il­kin­ji gün­le­ri­miz­den baş­lap, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär, äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne la­ýyk gel­ýän deň­hu­kuk­ly, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar.

2025-nji ýyl­da mö­hüm äh­mi­ýet­li iki şan­ly se­ne — Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy hem-de bu gu­ra­ma­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 80 ýyl­ly­gy baý­ram edil­ýär. Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2025-nji ýyl — «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di. Mu­nuň özi dün­ýä de­re­je­sin­de mö­hüm wa­ka bol­mak bi­len, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny hil taý­dan tä­ze tap­gy­ra çy­kar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik dö­ret­di.

Geç­mi­şe ser sal­saň, pe­der­le­ri­mi­ziň dün­ýä halk­la­ry­na sa­ry uza­ýan ýol­la­ry­my­za gö­züň düş­ýär. Şol ýol­lar ba­ra­da ýa­zy­lan ýaz­gy­lar­da türk­me­niň ada­lat­ly, yn­san­per­wer, mert hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da aý­dy­lyp­dyr. Ine, bu gün mu­kad­des top­ra­gy­myz­da bin­ýa­dy berk­den bi­na edi­len döw­le­ti­miz pe­der­le­ri­mi­ziň dün­ýä­niň çar ýa­nyn­da mu­kad­des, mil­li hä­si­ýet­le­re esas­la­nyp gur­lan, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk sak­lan ýol­la­ry­na tä­ze­den jan be­ren, ola­ryň asu­da, er­kin ýa­şa­mak ýa­ly mu­kad­des ar­zuw­la­ry­ny wy­sal eden Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let­dir.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de as­ma­ny­my­zyň asu­da, ýur­du­my­zyň aba­dan bol­ma­gy­ny dil­le­ri­niň se­na­sy­na öw­ren pe­der­le­ri­mi­ziň eden ar­zuw-umyt­la­ry ha­syl bol­ýar. Kök­le­ri­ni ga­dy­my­ýe­tiň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan ata-ba­ba­la­ry­myz pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şap, äh­li eş­ret­le­re ýe­tip bol­ýan­dy­gy­na berk yna­nyp­dyr­lar. Şol ynam bi­len goň­şy ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar­da hoş­ni­ýet­li hä­si­ýet­le­ri­miz ke­ma­la ge­lip­dir. Dün­ýä­de ençeme döw­let gur­ma­gy ba­şa­ran ata-ba­ba­la­ry­myz hut şu hä­si­ýet bi­len ta­na­lyp­dyr.

Bi­ta­rap­lyk türk­men döw­le­ti­niň Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji mer­kez hök­mün­dä­ki ýo­ka­ry de­re­jä eýe bol­ma­gy­na uly gol­daw ber­ýär. Pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yla­la­şy­gyň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň ha­ky­ky mer­ke­zi­ne öw­rü­len Aş­ga­bat­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki en­çe­me ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len bi­le­lik­de, uly fo­rum­la­ryň we wa­jyp äh­mi­ýet­li du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy stra­te­gi­ki we uzak­möh­let­le­ýin hä­si­ýe­te eýe­dir. Türk­me­nis­tan bü­tin dün­ýä­de we se­bit möç­be­rin­de söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek me­se­le­le­rin­de da­şa­ry ýurt ma­ýa­sy­ny, teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny, tej­ri­be­si­ni ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne giň­den çek­mek ar­ka­ly beý­le­ki ýurt­lar bi­len hoş­ni­ýet­li, dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ýar. Al­nyp ba­ryl­ýan oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, iş­jeň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň go­ral­ma­gy­nyň ke­pil­len­di­ril­me­gi, da­şa­ry ýurt te­le­ke­çi­li­gi üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi, şeý­le hem ýur­du­my­zyň iň­ňän baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri, amat­ly geo­sy­ýa­sy ýag­da­ýy, sy­ýa­sy dur­nuk­ly­lyk, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýu­jy­la­ry­ny bir­syh­ly özü­ne çek­ýän­di­gi özü­niň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ag­zy­bir hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň do­wam et­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ata Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra dü­şü­niş­mek, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­myz dün­ýä bi­le­le­şi­gin­de giň gol­daw tap­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan BMG-niň iň ynam­dar hyz­mat­da­şy hök­mün­de yk­rar edil­ýär we uly ab­raý­dan peý­da­lan­ýar. Bag­ty­ýar­ly­gyň we ber­ka­rar­ly­gyň ýo­ly bi­len öňe bar­ýan ata Wa­ta­ny­myz Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de yla­laş­dy­ry­jy mer­kez bo­lup çy­kyş ed­ýär, şeý­le-de dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­gy, yna­nyş­ma­gy, öza­ra dü­şü­niş­me­gi giň­den wa­gyz ed­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky ses­si­ýa­sy­nyň ple­nar mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň halk­la­ryň ara­syn­da­ky pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak me­de­ni­ýe­ti me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bü­tin­dün­ýä sam­mi­ti­ni ge­çir­mek, hal­ka­ra yna­nyş­ma­gyň äh­lu­mu­my ko­dek­si­ni iş­läp taý­ýar­la­mak, şo­nuň esa­syn­da halk­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra yla­laş­mak, hor­mat goý­mak, dün­ýä me­se­le­le­ri­ni bi­le­lik­de çöz­mek, hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek ýa­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni do­wam et­dir­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri öňe sür­me­gi ýur­du­my­zyň yn­san­per­wer­li­ge da­ýan­ýan oňyn sy­ýa­sa­ty­nyň ja­han iç­re da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Röwşen ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň «Konstitusiya hukugy» ugrunyň talyby.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.