He­mi­şe­lik Bitarap Türk­me­nis­ta­n – parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezi

09-12-25

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly şan­ly wa­ka­la­ra, toý-baý­ram­la­ra bes­len­ýär. Hal­ky­myz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk to­ýu­na uly ru­hu­be­lent­lik bi­len bar­ýar. Ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän her bir şan­ly se­nä­ni aja­ýyp zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len gar­şy­la­mak dä­be öw­rül­di.

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk pa­ra­hat­çy­ly­gyň aý­dyň ýo­lu­dyr, hal­ky­my­zyň buý­san­jy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si aba­dan­çy­ly­gy we asu­da­ly­gy ber­ka­rar et­mek ýö­rel­ge­si­ne eýe bol­mak bi­len bir ha­tar­da, se­bit­de hem-de dün­ýä­de yla­laş­dy­ry­jy mer­kez hök­mün­de Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da art­dyr­dy. Bu ba­bat­da BMG bi­len hyz­mat­daş­lyk has-da ös­dü­ri­lip, ýur­du­myz umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Bu ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2025-nji ýy­lyň 23-nji sent­ýab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy­nyň ple­nar mej­li­sin­dä­ki çy­ky­şyn­da: «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de öz jo­gap­kär­çi­li­gi­ne dü­şü­nip, hyz­mat­daş­lyk, öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­da­ýy­ny, äh­lu­mu­my hem-de se­bit de­re­je­sin­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge ukyp­ly esa­sy we kes­git­leý­ji şert hök­mün­de öza­ra hor­mat goý­mak dia­lo­gy­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len anyk çä­re­le­ri mun­dan beý­läk-de ama­la aşyr­ma­ga taý­ýar­dyr» di­ýip nyg­ta­dy.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma üç ge­zek yk­rar edil­di. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da dün­ýä döw­let­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­ny gör­kez­ýär. Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy hal­ky­my­za pa­ra­hat­çy­ly­gy, asu­da­ly­gy ber­di.

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, dö­re­di­ji­lik ýo­lun­da ga­zan­ýan uly üs­tün­lik­le­ri, ama­la aşy­ry­lan ägirt uly iş­le­ri we ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­ler türk­men döw­le­ti­niň öz­bo­luş­ly ösüş ýö­rel­ge­le­ri­niň da­ba­ra­lan­ma­sy­na öw­rül­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler hal­ky­my­zy buý­san­dyr­ýar. Aja­ýyp za­ma­na­my­zyň toý­la­ra bes­len­ýän gün­le­rin­de hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy we eziz Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aýsoltan MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.