Bi­ta­rap­lyk — türk­men hal­ky­nyň pa­ra­hatçylyk ­sö­ýü­ji­lik hä­si­ýe­ti­niň be­ýa­ny­

10-12-25

Ata Wa­ta­ny­myz­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni hem-de ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bol­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy aý­dym-saz­ly da­ba­ra­lar bi­len giň­den bel­le­nil­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy türk­men hal­ky üçin buý­sanç bu­la­gy­nyň göz­ba­şy, bag­tyň ser­we­ri. Ga­raş­syz­lyk, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk türk­men hal­ky­nyň go­şa ga­na­ty.

Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­me­giň, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň, hal­ka­ra möç­ber­de wa­jyp me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň we ola­ry çöz­me­giň mö­hüm gu­ra­ly hök­mün­de ga­ral­ýar. Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da, dün­ýä bi­le­le­şi­gin­de öz my­na­syp or­nu­ny tap­dy. Hemişelik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si da­şa­ry sy­ýa­sy ta­rap­dan döw­le­tiň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji, hal­ka­ra söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni, yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi­ne yg­ty­bar­ly esas bo­lup dur­ýar.

Ak mer­mer­li gö­zel paý­tag­ty­myz hä­zir­ki wagt­da dür­li ugur­lar bo­ýunca en­çe­me hal­ka­ra du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri hök­mün­de be­lent yk­ra­ra eýe bol­dy. Şeý­le-de üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gyn­da-da uly ma­ny­nyň bar­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­lemek gerek. Bu ýyl­da ýur­du­myz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­ny hal­ka­ra de­re­je­sin­de toý­la­ýar. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da BMG-niň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem 80 ýyl dol­ýar. Bu iki şan­ly se­nä­niň bi­le­lik­de gel­me­gi hem tö­tän­lik däl­dir. Oý­la­ny­şyk­ly saý­la­nyp al­nan Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny hal­ka­ra de­re­je­de amal ed­ýän ýur­du­myz bu gün se­bit­le­riň, yk­lym­la­ryň ga­ly­ber­se-de, bü­tin dün­ýä­niň pa­ra­hat­çy­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len iş­le­re-de özü­niň my­na­syp go­şan­dy­ny go­şup gel­ýär. Bu bol­sa hal­ky­my­zyň ga­dym­dan bä­ri pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan he­re­ket­le­ri he­mi­şe gol­dap ge­len­li­gi­ni tas­syk ed­ýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­myz tä­ze üs­tün­lik­le­re eýe bolýar. Ýurdu­myzyň dürli pudaklarynda, eziz Diýary­myzyň dürli künjeklerinde gazanylýan ösüşler, belent üstünlikler halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň beýanydyr. Şo­nuň üçin hem ähli halkymyz bu asuda we parahat durmuşa, bagtyýarlyk döwrümi­ze ýürekden buýsanýarlar. Şeýle bagtyýarlyk he­mi­şe­lik Bitaraplygymyz, para­hatçylyk söýüjilikli ýolumyz bilen aýryl­maz baglanyşyklydyr. He­mi­şe­lik Bitaraplygymyz diňe bir halkymyz üçin däl-de, eýsem, umumadamzat bäh­bitleri üçin aýdyň ýol-ýörelgedir. Bu bol­sa Türk­menistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde hem uly ornunyň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Munuň özi örän gu­wan­dy­ry­jy­dyr.

Ýur­du­my­zyň hemişelik Bitarap­lyk hukuk ýagdaýy netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyr­makda uly orun eýeleýär. Türkmenista­nyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen he­mi­şe­lik Bitaraplyk hukuk ýag­daýy özüniň doly many-mazmunynda sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, deňhukukly we özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşly­gy has-da işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýe­dir.

Eziz Di­ýa­ry­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň aý­dyň ýo­ly» at­ly täze ki­ta­by türk­men hal­ky­na uly sow­gat bol­dy. Ki­tap do­kuz bö­lüm­den yba­rat bo­lup, on­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­da ge­çen ýo­lu­nyň, hu­kuk de­re­je­si­niň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­dä­ki äh­mi­ýe­ti giň­den be­ýan edil­ýär.

Bi­ta­rap­lyk — mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, türk­men hal­ky­nyň pa­ra­hatçylyk ­sö­ýü­ji­lik hä­si­ýe­ti­niň be­ýa­ny­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­my­zyň uly ösüş­le­re eýe bol­ma­gyn­da-da Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň uly äh­mi­ýe­ti bar. Biz Bi­ta­rap­lyk de­re­jä­mi­ze pa­ra­hat­çy­lyk­ly dur­mu­şyň ke­pil­len­dir­me­si, er­tir­ki gü­ne bo­lan ynam, er­ka­na zäh­met çek­mek, saz­la­şyk­ly ös­ýän jem­gy­ýet­de ýa­şa­mak ýa­ly şert­le­riň çeş­me­si di­ýip dü­şün­ýä­ris. BMG bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Öza­ra gat­na­şyk­lar­da top­la­nan baý tej­ri­bä esas­lan­mak bi­len, deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak we uzak­möh­let­le­ýin esas­la­ra da­ýan­ýan däp bo­lan gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze maz­mun bi­len üs­ti ýe­ti­ril­ýär.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Baharabat SEÝRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.