Bitaraplyk — beýik başlangyçlara badalga
10-12-25
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny barha işjeňleşdirýär. Gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG bilen döwletimiziň alyp barýan syýasy gatnaşyklary has-da giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa abraýly guramanyň ýurdumyza bildirýän belent ynamydyr. Döwlet Baştutanymyzyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde eden taryhy çykyşy şeýle üstünlikleriň mynasyp dowamydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar» diýmek bilen, berkarar döwletimiziň özara ynanyşmagy, düşünişmegi üpjün etmäge, dialog esasynda parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen çäreleri dowam etdirmäge taýýardygy barada aýratyn nygtap geçdi.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň iň ynamdar hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilýär, uly abraýdan peýdalanýar. Bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyz Merkezi Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýär, şeýle-de dünýä döwletleriniň arasynda birek-birege hormat goýmagy, ynanyşmagy, özara düşünişmegi giňden wagyz edýär, parahatçylygyň tarapdary bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň halklaryň arasyndaky parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek, halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak, şonuň esasynda halklaryň arasyndaky özara ylalaşmak, hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek, hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça teklipleri öňe sürmegi biziň ynsanperwerlige daýanýan oňyn syýasatymyzyň jahan içre dabaralanýandygyny görkezdi.
Türkmen Bitaraplygynyň gadyr-gymmatyny, halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýä ýaýýan, ýurtlar bilen dost-doganlyk köprülerini berkidýän, ählumumy bähbitli beýik başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Mähri NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.