Hemişelik Bitaraplygymyz — baky bagtymyz
10-12-25
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösýär we özgerýär, täze üstünlikler bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asylly ýörelgesi, parahatçylyk söýüjilik ýoly dünýä ýaýylýar. Häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem Ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli giň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şonuň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýy has-da artýar.
Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna alyp barýan giň möçberli işleri bilen halkara jemgyýetçiliginde möhüm orna, belent derejelere eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde çykyş etmegi, beýik başlangyçlary öňe sürmegi aýratyn bellärliklidir. Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrjak bu beýik başlangyç dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Bularyň ählisi hemişelik Bitaraplyga esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm sepgitlerini alamatlandyrýar.
Berkarar döwletimiz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ajaýyp gymmatlyklara esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirip, ýurtlar bilen dost-doganlyk, abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Bu taryhy waka Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly seneleriniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatdaky üstünligi boldy. Munuň özi Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini aýdyň görkezýär.
BMG-niň Awaza forumy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi üpjün etmäge gönükdirildi. Bu forumda Milletler Bileleşiginiň geljekki ösüş resminamalarynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen baglanyşykly öňe sürlen başlangyçlar giň goldaw tapdy. Bu döwletleriň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegini gazanmakda esasy wezipeler we onuň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy we onda yglan edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň çözgütlerini salgy berýän, olaryň geljekki gülläp ösüşlerini gazanmakda ileri tutulýan ugurlarda anyk çäreler göz öňünde tutulýar.
Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen sazlaşykly gabat gelýär. Şeýle-de bu şanly sene mynasybetli döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda dabaralaryň we çäreleriň üstünliklere beslenýändigini bellemek gerek.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýäniň iň öňdebaryjy, iň abraýly döwletleriniň hatarynda halkara hyzmatdaşlyga örän jogapkärli çemeleşýän, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň, özara düşünişmegiň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän geljegi uly hyzmatdaş hökmünde has-da meşhurlyk gazanýar. Mähriban Watanymyzyň gazanýan şeýle uly at-abraýyna buýsanýarys.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterer. Eziz Diýarymyzy dost-doganlygyň hem-de bütin adamzadyň gülläp ösüşiniň hatyrasyna beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwren hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Bibi ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga stomatologiýasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.