Milli ylym-bilim ulgamynyň aýdyň geljegi

11-12-25

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Toplanan tejribelerden ugur alnyp taýýarlanan we 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy» ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýar.

«Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» täze we ýokary tehnologiýalary döretmegiň hem-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň kämilleşdirilmegini, şeýle hem tehnologiýalara esaslanan geljegi uly önümçilikler babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we täjirçiligiň mümkinçilikleriniň özara baglanyşygyny üpjün etmegi maksat edinýär. Bu resminamanyň kabul edilmegi, bir tarapdan, döwlet derejesinde ylma berilýän aýratyn ünsi alamatlandyrýan bolsa, beýleki tarapdan, ylmy jemgyýetçiligi bu Strategiýany talabalaýyk ýerine ýetirmäge borçlandyrýar.

Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar öz miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň sany artýar. Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgylaryny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri turulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri (ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli gi­ňeldilýär.

Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Sanly bilim — kämil tejribe. Muny dünýä tejribesi doly subut etdi. Bu babatda häzirki döwürde «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, agzalan konsepsiýalar milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap derejede berkitmäge, ulgamy sanlylaşdyrmaga — sanly bilim ulgamyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ýurt Baştutanymyzyň hut şu ugurda geljekde hem giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçiriljekdigini, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň yzygiderli dowam etdiriljekdigini bellemegi bolsa, bilimler ýurduna öwrülen ata Watanymyz Türkmenistanda iň kämil innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly bilim ulgamynyň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bilimli nesil — ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň täze tapgyry hem şöhraty belende göterilen türkmen döwletiniň synmaz kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň ýagty ertirleri üçindir. Diýmek, ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.

Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Ogulmaýsa ATDYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň ylym we bilim işlerini dolandyrmak ugrunyň talyby.

 

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.