Bitaraplyk – parahatçylygyň nusgalyk ýoly

11-12-25

Häzirki zaman syýasy dünýäsiniň wakalary Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly ygrarly bolup gelýändigini jahana aýan etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna 30 ýyl bolýar. Bitaraplygy BMG tarapyndan ýörite Kararnama bilen ykrar edilen döwletimiz geçen döwürde BMG-niň iň ynamdar hem strategik hyzmatdaşyna öwrüldi. Muny biz Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki ýokary abraýynda, Milletler Bileleşigindäki mynasyp ornunyň barlygynda hem aýdyň görýäris. 

Parahatçylygyň, durnukly ösüşiň tarapynda çykyş edýän döwletimiz özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, islendik dawaly meseläni gepleşikler arkaly çözmek, parahatçylyk we ynanyşmak arkaly ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegini gazanmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýakyndan ýardam berip, sebitde agzybirligi, bir-birege düşünişmegi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ýakyn ýardamlary bilen hem Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň uly ynamyna eýe bolup, iň ýakyn hyzmatdaşyna öwrüldi.

Bitarap döwletimiz diňe bir bu merkeziň işine berýän kömek-goldawlary bilen däl, eýsem, bütin dünýäniň bähbitlerini nazarlap amala aşyrýan ägirt işleri, şeýle hem Milletler Bileleşiginiň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri bilen hem uly abraýa eýedir. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çuň mazmunly çykyşlary hem-de ähli halklaryň bähbidine gönükdirip beýan eden wajyp başlangyçlary şaýatlyk edýär. Ýeri gelende, Bitaraplykda geçilen 30 ýylyň dowamynda şol başlangyçlar boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalarynyň ençemesiniň kabul edilendigini bellemek has-da ýakymly. Sözümiz gury bolmaz ýaly, şol Kararnamalaryň käbirini agzap geçeliň:

Häzirki ajaýyp döwrümizde agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dowam etdirilmegi netijesinde ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde üstünlikli durmuşa geçirilýän deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. Elbetde, şeýle beýik maksatlara ýetmek üçin, ilkinji nobatda, parahatçylygyň, abadançylygyň bolmagy zerur.

Ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin aýratyn mana eýedir. Çünki bu ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we geljekki mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeldip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär. Muňa mysal höküminde şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary guramaçylykly geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny görkezmek bolar. Şeýle hem ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat bilen bagly «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama hemişelik Bitarap ýurdumyzyň şan-şöhratyny ýene bir ýola äleme ýaýdy.

Ýurdumyzyň sebitde we dünýäde asudalygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatyndaky başlangyçlary halkara resminamalaryň onlarçasynda öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan Bitaraplygymyzyň sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegine hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Şol ýörelgeler goňşy ýurtlar hem-de dostlukly halklar bilen gatnaşyklarymyzyň barha berkemegini şertlendirýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanylyp işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, telekeçilik üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk daşary ýurt maýadarlaryny özüne çekýär. Görnüşi ýaly, ýurdumyz halkara gatnaşyklarda parahatçylygy, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy ilerledip, parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrýar.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Ogulbäbek ARAZNAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.