Bitaraplyk syýasaty – uly üstünlikleriň özeni

11-12-25

2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly eziz Diýarymyzyň taryhy senenamasynda altyn harplar bilen ýazyljak wakalara beslendi. Bu ýyl hemişelik Bitaraplyk derejämiziň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýyly hökmünde has-da tapawutlanýar. Geçilen çärýek asyrdan-da köpräk wagtyň içinde ata Watanymyz Türkmenistan öz ösüş ýoluny saýlap, halkara giňişliginde parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän döwlet hökmünde tanaldy. Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, uly üstünlikleriň gazanylmagyna ýol açdy.

Ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşýan bilim-ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk, saglyk, agrosenagat ýaly pudaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen köptaraplaýyn özgerişlikler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejelerini ýokarlandyrmakda giň möçberli döwlet maksatnamalary kabul edildi. Bu maksatnamalar häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda giň gerimde durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijesinde ýurdumyz düýpgöter täze keşbe girdi, täze senagat toplumlary işe girizildi, ozaldan hereket edýän kärhanalaryň durky täzelenip, döwrebaplaşdyryldy, täze etraplardyr şäherler döredildi.

Türkmenistanyň Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar hem-de türkmeniň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda, halkymyzyň we döwletimiziň dünýägaraýyş babatdaky gymmatlyklarynyň häzirki zaman ulgamynda, olaryň esasynda duran ýurdumyzyň ösüşiniň kanunçylyk üpjünçiliginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň halkara syýasy giňişligindäki iň möhüm üstünlikleriniň biri bolsa, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hökmünde saýlanyp alynmagydyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Häzirki wagtda bu topara birnäçe döwletler agza bolup durýar. Türkmenistan döwletimiz sebit we sebitara hyzmatdaşlykda umumadamzat ähmiýetli meselelere ünsi güýçlendirmek bilen, islendik meseläniň parahatçylyk, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir içerki ösüşe däl, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyna-da özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Biziň ýurdumyz halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeldip, oba hojalygynyň durnukly ösüşi, söwda we ulag-logistika gatnaşyklaryny berkitmekde ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmekde we suw serişdeleriniň netijeli ulanylyşy boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şonuň üçin Bitaraplyk syýasy ýörelge bolmak bilen birlikde ykdysady, parahatçylykly ösüşiň, abadançylygyň hem nyşany bolup durýar.

Hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli eziz Diýarymyzyň zähmetkeş halky mynasyp zähmet sowgatlaryny taýýarlaýar. Geljekde-de ýurdumyzyň ähli babatda gazanýan üstünlikleri, öňegidişlikleri bu ýörelgäniň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ösüşiň, parahatlygyň we abadançylygyň binýady bolup, ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan güýçdir. Ýurdumyzyň ähli babatda uly ösüşlerdir özgerişlere eýe bolmagynyň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Azat MERGENOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.