Bitaraplyk — durnukly ösüşiň we hyzmatdaşlygyň gözbaşy

11-12-25

Halkara abraýy günsaýyn belende göterilýän Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň kepilidir. Ýurdumyzyň bu ugurda amala aşyrýan nusgalyk işlerine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol türkmen diplomatiýasynyň umumadamzat bähbitlerine, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen köptaraply  işleriniň özboluşly ykrarnamasydyr.

Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz bu gün oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­rip, goň­şy döw­let­ler­dir alys­da­ky ýurt­lar bi­len dost-do­gan­lyk, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň dost­luk­ly döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­dyr ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry bi­len yzy­gi­der­li ge­çir­ýän du­şu­şyk­la­ryn­da, bi­le­lik­de ama­la aşy­ryl­ýan iri tas­la­ma­lar­da biz bu ha­ky­ka­ta do­ly göz ýe­tir­ýä­ris.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ta­ry­hy­na al­tyn sa­hy­pa­la­ry ýaz­ýar. Şan­ly ýy­lyň her gü­nün­de di­ýen ýa­ly şa­ýat bol­ýan şat­lyk­ly wa­ka­la­ry­myz, ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­ly des­ga­lar hal­ky­my­zyň gö­te­ri­len yk­ba­ly­nyň su­but­na­ma­la­ry­dyr. Şu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bolýar, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ple­nar mej­li­sin­de çy­kyş edip, döw­le­ti­mi­ziň ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­me­gi hem şan­ly ýy­lyň ta­ry­hy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Şol baş­lan­gyç­la­ryň uly bö­le­gi­niň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­jä­miz we on­dan ge­lip çyk­ýan pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak, hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk, howp­suz­lyk ýa­ly gym­mat­lyk­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.

 

Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, halkara giňişliginde strategik we ählumumy parahatçylygyň berk binýadyny goýmak meselelerine aýratyn üns berýär. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak — halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň zerur şerti bolup durýar. Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary deňhukukly we özara bähbitleri nazara almak esasynda ösdürmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmеnistаnyň dаşаry syýasаtynyň özеni bоlаn hеmişеlik Bitаrаplyk dünýä bileleşiginiň ynаmyny dоly ödeýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýaly asylly ýörelgelere eýerýär. Oňyn Bitaraplyk syýasatyny öňe sürýän Watanymyz bu gün dünýäde möhüm meseleleriň çözülmeginde işjeň orny eýelemek bilen, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi.

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ky­my­za tü­ke­nik­siz bagt eçil­di. Naý­ba­şy gym­mat­ly­gy­myz ýur­du­my­za dün­ýä­de we se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ma­ga, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Türk­men hal­ky he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gyň dö­re­den giň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da uly ösüş­le­re eýe bol­ýar. Yk­dy­sa­dy­ýet­de, sy­ýa­sat­da, me­de­ni­ýet­de we ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda beýleki döwletler, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklar has-da giňeldilip, örän möhüm halkara meseleleri çözmäge gönükdirilen netijeli teklipler öňe sürülýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan öňüni alyş diplomatiýasynyň gapma-garşylyklaryň öňüni almak işinde gepleşikleri geçirmek, hoşniýetli hyzmatlary ýola goýmak, maglumatlary kesgitlemek boýunça işleri ýerine ýetirmek babatda maksatnamalaýyn wezipeler amala aşyrylýar. Bu ugurda oňyn Bitaraplyk syýasatynyň, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň eýeleýän ornunyň ynsanperwerlik taýdan hem aýratyn ähmiýeti bardyr.

Goý, dünýäde parahatçylygy goldamak bilen, sebit we dünýä derejesinde ösüş gazanmak arkaly oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny öňe ilerledýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!

Mähri ANNABERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyñ kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.