«Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna»
11-12-25
Dünýäniň ähli halklaryny jebisleşdirýän, ynanyşmaklyga we hoşniýetlilige çagyrýan iň möhüm gymmatlyklaryň biri parahatçylykdyr. Şonuň üçin hem halkara jemgyýetçiligi tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu waka diňe bir resmi karar hökmünde däl, eýsem, ähli döwletleriň, jemgyýetleriň hem-de şahsyýetleriň öňünde goýlan beýik jogapkärçilikli çagyryşdyr. Ýylyň şeýle atlandyrylmagynyň esasy maksady dürli ýurtlaryň halklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeni gatnaşyklary ösdürmek, jemgyýetçilik derejesinde hoşniýetliligi berkitmek bilen baglanyşyklydyr. Dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara forumlar, ylmy maslahatlar we medeni çäreler hem hut şu maksada eýerýär.
Türkmenistanyň dünýä derejesinde alyp barýan daşary syýasaty hemişe parahatçylykly başlangyçlara esaslanýar. Halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň özeninde dost-doganlyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek ýörelgeleri durýar. Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren başlangyçlary häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilýär. Şeýle teklipleriň arasynda suw serişdelerinden bilelikde peýdalanmak, ekologiýa meselelerini çözmek, halkara ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlar bilen bir hatarda halklaryň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary berkitmek baradaky çagyryşlar aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iň möhüm ugurlarynyň ýene biri ýaşlary parahatçylyk ruhunda terbiýelemekdir. Sebäbi geljekki ösüş hem-de dünýäniň asuda geljegi hut ýaş nesilleriň elindedir. Ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary, halkara bilim maslahatlary giňden geçirilýär. Bu çäreler olaryň dünýäni giňden görüp bilmeklerine, dürli medeniýetleri öwrenmeklerine we dürli halklaryň wekilleri bilen dostlukly gatnaşygy ösdürmeklerine ýol açýar. Türkmenistanyň ýaşlary hem halkara hyzmatdaşlykda, daşary ýurtly deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklarda işjeň gatnaşyp, parahatçylygyň, dostlugyň ilçileri bolup çykyş edýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen ýurdumyz uly ösüşler gazanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip nygtaýşy ýaly, adamzat ýaşaýşynda zerur bolan gepleşikde, ylalaşykda parahat durmuşyň dabaralanmasy bar. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Geçen döwrüň dowamynda Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasy ugry özüniň diňe bir milli bähbitlerine däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleri nazarlaýan maksatlaryna, halkara giňişlikde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, döwletara gatnaşyklaryň esasy hökmünde BMG-niň Düzgünnamasynyň ýörelgeleriniň tassyk edilmegine netijeli, ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen çemeleşmäge bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini görkezdi» diýip belleýär. Häzirki zaman ösüşlerinde türkmen halkynyň döwlet gurmak we ony ykdysady taýdan kuwwatlandyrmak ýaly ýörelgeleri zamanamyzyň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň goşa ganaty Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk bolup durýar.
Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllyk baýramynyň şanyna guralýan medeni çäreleriň halkara derejede amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyz parahatçylygyň, bagtyýarlygyň berkarar bolýan ülkesi hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi umumy ösüşde, umumadamzat jemgyýetiniň ýaşaýşy üçin uly ähmiýete eýe bolan parahat durmuşy üpjün etmek bilen berk baglydyr. Watanymyzyň bagtyýarlygy, agzybirligi, abadan durmuşy, asudalygy nusgalykdyr. Parahatçylyk baradaky garaýyşlar, parahatçylyk hakyndaky nazaryýet elmydama-da öwrenilipdir we durmuş ilerlemesiniň zerurlygy hökmünde öňe sürlüpdir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek barada Türkmenistanyň başlangyjy syýasy üstünlik boldy. Türkmen halkynyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini öňe çykardy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy döwlet syýasatynda baky Bitaraplyk hukuk derejesiniň üstünlikli dowam etdirilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Döwrebap ösüşiň kämilleşmegi üçin ynamy berkitmek zerurlygy, parahatçylygy üpjün etmegiň ähmiýeti halkymyzyň, berkarar Diýarymyzyň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek ýokarlandyrdy.
Goý, berkarar Diýarymyzy, mähriban halkymyzy parahatçylygyň, beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülnabat TOŞŞYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.