Bitaraplyk – abadançylygyň ýoly

10-12-25

Bitaraplyk taglymaty – dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrýar we senagat, ylym-bilim, ulag-kommunikasiýa, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine daýanmak arkaly, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.

Bitaraplyk güni Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp seneleriň biridir. Ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk ýörelgesi gadymy ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy üçin uly mümkinçilikleri döretdi.

Bitaraplyk türkmen döwletiniň ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki ýokary derejä eýe bolmagyna uly goldaw berdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen döwletiniň işjeň ýagdaýda ýöredýän daşary syýasatdaky ugry tutuş adamzat tarapyndan oňlanylýar.

Parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülen Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ençeme abraýly halkara guramalar bilen bilelikde uly forumlaryň we wajyp ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen gymmatly düşünjeler bolup, olar häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda türkmen halkynyň sungatynyň dili bilen, adamzady parahatçylyga çagyrýan nusgawy eserleri barada giňişleýin düşünje berilýär. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem halkymyzyň baý taryhyny, şu günümiziň üstünliklerini, ynsanperwer ýörelgelerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup durýar.

Biz ýaşlar döwrümiziň belent sepgitlerinden, hormatly Prezidentimiziň asylly işlerinden ruhlanyp, Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk çagyryşlaryny kalbymyzda göterýäris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ýurdumyzyň bagtyýar halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys.

Goý, bütin adamzadyň abadan durmuşyna gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrundaky tagallalary rowaçlyklara beslensin!

Almagül GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hünärmeni, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

16939069a6a10c.jpeg
"Suvari Shipping" kompaniýasy agyr senagat enjamlaryny Türkmenbaşy deňiz portuna getirdi

2025-nji ýylyň dowamynda “Suvari Shipping and Trading Co Inc.” döwlet maksatly iri taslamalarynyň çäginde agyr hem-de ölçegden çykýan enjamlaryň ulag-üstaşyr getirilmegini üstünlikli amala aşyrdy. Senagat enjamlary ýüklenen bäş rus gämisi Wolga–Don kanaly arkaly geçip, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna gelip ýetdi.


16939c3d43948c.jpeg
Bitaraplyk – abadançylygyň ýoly

Bitaraplyk taglymaty – dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrýar we senagat, ylym-bilim, ulag-kommunikasiýa, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine daýanmak arkaly, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.


1693903a320d79.jpeg
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçiriler

Aşgabat şäherinde 11–12-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.


1693907bc50ba0.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda üstaşyr ýükleriň daşamalarynda Türkmenistanyň gümrük nokatlary gümrük amallary üçin iň gysga wagty sarp edýär

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) Türkmenistanyň eksport - üstaşyr dolanşygyndaky ýokary netijeliligini aýratyn belleýär. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerinden üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça alnyp barlan barlaglaryň netijeleri boýunça mälim edildi. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.


1693901cce51e7.jpeg
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde geçirilen köpugurly çäreler — işewürlik duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, gepleşiklerdir maslahatlar eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.