Pa­ra­hat­çy­ly­ga we yn­san­per­wer­li­ge esas­lan­ýan türkmen Bitaraplygy

12-12-25

Ata Wa­ta­ny­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň da­ba­ra­ly toý­la­nyl­jak gün­le­ri bar­ha ýa­kyn­laş­ýar. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­myz­da ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si hal­ka­ra de­re­je­sin­de uly gy­zyk­lan­ma we gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­ýar. Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­la­nyp, dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ry, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len pa­ra­hat­çy­ly­ga we yn­san­per­wer­li­ge esas­lan­ýan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar, umu­ma­dam­zat bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz Bi­ta­rap­ly­gyň hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň, dip­lo­ma­ti­ýa­nyň, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji dia­lo­gyň hem-de öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­li gu­ral bo­lup bil­jek­di­gi­ni iş ýü­zün­de su­but et­di. Şeý­le­lik­de, bu ugur­da mö­hüm iş­le­ri alyp bar­ýan Wa­ta­ny­myz dur­nuk­ly ösü­şi we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýän döw­let hök­mün­de ta­nal­ýar we be­lent ab­ra­ýa eýe bol­ýar.

Bil­şi­miz ýa­ly, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz ga­za­ny­lan­dan soň­ra ýur­du­my­zyň esa­sy da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ry hök­mün­de öňe sü­ren he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan üç ýo­la yk­rar edil­di, ýag­ny il­kin­ji ge­zek 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da 185 döw­le­tiň, şeý­le hem 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da 193 döw­le­tiň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Şu ýy­lyň 21-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 61-nji ple­nar mej­li­sin­de bol­sa ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi di­ňe bir şan­ly ýy­ly­my­zyň däl, eý­sem, bag­ty­ýar za­ma­na­my­zyň şöh­rat­ly tä­ze ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan buý­sanç­ly wa­ka bol­dy.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­myz hem toý-baý­ram­la­ryň go­şa-go­şa­dan gel­ýän ýy­ly­na öw­rül­di. Hut şu ýyl­da hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­nyň ulu­dan tu­tul­ma­gy hem ýy­ly­my­zyň şy­ga­ry bi­len bir­le­şip has-da da­ba­ra­lan­ýar. Çün­ki ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän ýol-ýö­rel­gä­miz bo­lan myh­man­sö­ýer­lik, hoş­ni­ýet­li­lik, dost­luk­ly gat­na­şyk­lar, yn­san­per­wer­lik, bi­rek-bi­re­ge he­ma­ýat et­mek he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni­ni düz­ýär. Şeý­le asyl­ly ýö­rel­ge­ler bol­sa şan­ly ýy­ly­myz­da gün­sa­ýyn ar­typ, dün­ýä döw­let­le­ri­ne öz nu­ru­ny çaý­ýar. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek barada Türkmenistanyň başlangyjy syýasy üstünlik boldy. Türkmen halkynyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini öňe çykardy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy döwlet syýasatynda baky Bitaraplyk hukuk derejesiniň üstünlikli dowam etdirilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Döwrebap ösüşiň kämilleşmegi üçin ynamy berkitmek zerurlygy, parahatçylygy üpjün etmegiň ähmiýeti halkymyzyň, berkarar Diýarymyzyň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek ýokarlandyrdy.

Hal­ky­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­si, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýo­ly ga­dym­dan gel­ýän baý ta­ry­hy­my­zyň mi­we­si­dir. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň dö­re­den be­ýik tag­ly­ma­ty­dyr. Şol be­ýik tag­ly­ma­ty kä­mil­leş­di­rip, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy­na öw­ren ata Wa­ta­ny­myz bu gün dün­ýä döw­let­le­ri­ni yn­san­per­wer­li­ge, ýag­şy­ly­ga ça­gyr­ýar. Şo­nuň üçin hem hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni çuň­ňur öw­ren­mek we ola­ra sar­pa goý­mak, gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mek bi­ziň baş mak­sa­dy­myz­dyr.

Goý, berkarar Diýarymyzy, mähriban halkymyzy parahatçylygyň, beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Kümüş TOÝLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Psihiatriýa narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.