Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylygyň kepili
12-12-25
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Ýurdumyz halkara giňişlikde umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, dünýä nusgalyk görelde görkezýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda wakalar, gelip gowuşýan hoş habarlar munuň aýdyň mysalydyr.
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen ýurdumyz uly ösüşler gazanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip nygtaýşy ýaly, adamzat ýaşaýşynda zerur bolan gepleşikde, ylalaşykda parahat durmuşyň dabaralanmasy bar. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Geçen döwrüň dowamynda Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasy ugry özüniň diňe bir milli bähbitlerine däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleri nazarlaýan maksatlaryna, halkara giňişlikde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, döwletara gatnaşyklaryň esasy hökmünde BMG-niň Düzgünnamasynyň ýörelgeleriniň tassyk edilmegine netijeli, ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen çemeleşmäge bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini görkezdi» diýip belleýär. Häzirki zaman ösüşlerinde türkmen halkynyň döwlet gurmak we ony ykdysady taýdan kuwwatlandyrmak ýaly ýörelgeleri zamanamyzyň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň goşa ganaty Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk bolup durýar.
Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllyk baýramynyň şanyna guralýan çäreleriň halkara derejede amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyz parahatçylygyň, bagtyýarlygyň berkarar bolýan ülkesi hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi umumy ösüşde, umumadamzat jemgyýetiniň ýaşaýşy üçin uly ähmiýete eýe bolan parahat durmuşy üpjün etmek bilen berk baglydyr. Watanymyzyň bagtyýarlygy, agzybirligi, abadan durmuşy, asudalygy nusgalykdyr. Parahatçylyk baradaky garaýyşlar, parahatçylyk hakyndaky nazaryýet elmydama-da öwrenilipdir we durmuş ilerlemesiniň zerurlygy hökmünde öňe sürlüpdir.
Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň berkemegi ugrunda umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Muhammetnazar NURNAZAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we Toksikologiýa kafedrasynyň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.