Bitaraplyk – asylly ýörelgeleriň dabaralanmasy
12-12-25
BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi, sebit we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň dabaralanmasyna öwrüldi. Şeýle-de dünýä halklarynyň parahatçylygyna gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesiniň kabul edilmegi, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende göterdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýiniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşmagy ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi geçen 30 ýylyň dowamynda hemişelik Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi.
Dünýä bileleşiginiň iki şanly senäni baýram edýän günlerinde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde strategik hyzmatdaşlyga taraplaryň ygrarlydygyny tassyklaýandygyny aýtmak ýakymlydyr. Şeýle-de BMG-niň Awaza forumynyň syýasy taýdan wajyplygy we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, şu ýylyň 14-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde 57 döwletiň awtordaşlygynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara tagallalaryň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary ilerletmekde, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde nusgalyk işleri alyp barýan hemişelik Bitarap döwletdir. Bu gün hormatly Prezidentimiziň halkara giňişliginde goldaw tapýan möhüm başlangyçlarydyr teklipleri munuň aýdyň güwäsidir. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine hem-de «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanýan şol başlangyçlar diňe bir türkmen halkynyň parahatçylygyna, asudalygyna, berkararlygyna gönükdirilmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde-de uly ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe süren wajyp teklipdir başlangyçlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň belent münberinden çykyş edip, halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýtdy. Şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardygyny belläp geçdi. Şundan ugur alyp, Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlykda hem-de sebitiň ýurtlarynyň, beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara institutlaryň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa – parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmegi teklip etdi. Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gatnaşmak, onuň ulag we energetika ýaly esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu mesele boýunça Türkmenistanyň adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamyny döretmäge ýardam bermegini dowam etdirjekdigini belläp geçdi. Şeýle hem 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek, «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalaryň taslamalaryny we 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi teklip etdi.
Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasatynyň esasyny düzýär. Ol hormatly Prezidentimiziň ählumumy bähbitli başlangyçlary bilen has-da ösdürilýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.