Saglygy goraýyş ulgamynyň belent sepgitleri
05-03-26
Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki döwürde halkymyz ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilip, adamyň saglygyny berkitmek, onuň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmak babatdaky işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ilata hödürlenilýän ýöriteleşdirilen bejeriş-sagaldyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe halkara derejeli saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy depginli alnyp barylýar.
Sanlyja ýylyň içinde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen anyklaýyş we bejeriş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli giň gerimde geçirilen sergi we ylmy maslahat hem ýurdumyzda bu ugurda uly özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.
Hünär baýramynyň bellenilýän gününde paýtagtymyzda we Diýarymyzyň birnäçe welaýatlarynda iri saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüniň tutulmagy, käbirleriniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar, alym Arkadagymyzyň täze kitaplarynyň çapdan çykmagy diňe bir lukmanlary däl, ähli halkymyzy begendiren ajaýyp wakalar boldy. Geçen ýylyň tomsunda kabul edilenine 30 ýyl bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda belent sepgitlere ýetilendigini bellemek buýsançlydyr. Şunda hereket edýän saglyk öýleriniň ählisinde maşgala lukmançylygynyň ornaşdyrylmagyny, raýatlaryň meýletin döwlet saglyk ätiýaçlandyrmasynyň girizilmegini, saglygy goraýyş, derman senagaty we şypahana ulgamlaryna degişli iri desgalaryň gurulmagyny ilkinji üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Milli Liderimiziň “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly täze kitabynda bular barada giňişleýin söhbet edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çap edilmegi hem lukmanlara ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Olaryň ýankitabyna öwrülen bu ylmy-ensiklopedik işiň täze jildinde alym Arkadagymyz türkmen topragynda bitýän, gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlary beýan edýär. Paýtagtymyzdaky saglygy goraýyş edaralarynda geçirilen tanyşdyrylyş dabaralarynda hem alym Arkadagymyzyň bu täze kitaplarynyň ähmiýeti, lukmançylyk ylmynyň ösüşine goşan goşandy barada giňişleýin söhbet edildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýşyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegi netijesinde, ýurdumyzda birnäçe ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňi alyndy. Dürli keselleri ýok etmekde we olaryň öňüni almakda Türkmenistanyň gazananlary halkara derejede ykrar edilendir. Ýurdumyz dürli ýyllarda drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzamyk we gyzylja kesellerinden ilatyň azat edilendigi üçin, şeýle hem ilatyň sarp edýän nahar duzunyň ýod bilen, iýmitlik unuň demir we foliý turşusy bilen ählumumy baýlaşdyrylmagynda, temmäkä garşy göreşmekde, ýokanç däl keselleri ýok etmek, çagalara sanjym işleriniň geçirilmeginde gazanan üstünlikleri üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň güwänamalarydyr sylaglaryna mynasyp boldy. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine TDS ISO 9001 hil ulgamyna laýyklyk şahadatnamasy gowşuryldy.
Saglygy goraýyşda ykdysady usullar giňden ornaşdyrylyp, bu ulgam dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli ösdürildi we giň halkara hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Lukmançylykda dünýäde öňdebaryjy hasaplanylýan Germaniýanyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň çäklerinde milli lukmançylyk hünär taýdan kämilleşdirilip, saglygy goraýyş ulgamyna keselleri anyklaýjy döwrebap enjamlar we bejeriş usullary üstünlikli girizilýär. Milli lukmançylyga keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykmazdan öň, irki döwürde anyklamak usullary, ýagny skrining barlaglary, şeýle hem az şikesli laparoskopik, hirurgik bejergiler ornaşdyryldy.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän derman we saglyk maksatly serişdeleriň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, täze, döwrebap derman kärhanalary gurlup işe girizildi. Bu kärhanalar öndürýän önümleri bilen diňe ýurdumyzyň raýatlaryny we hassahanalaryny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, önümleriň kesgitli bölegini daşary ýurtlara çykarmak üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde lukmançylyk klaster toplumynyň gurulmagy bu babatda täze, möhüm sahypany açar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Elena ZAWODÇIKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina fizikasy we informatikasy kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.