BILIM – KUWWATLY GELJEGIŇ BINÝADY

12-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn işler ýokary derejede alnyp barylýar. Bu bolsa kämil we bilimli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Şu buýsançly ýylda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem ýetilen üstünlikli menziller hakynda söhbet etmek örän ýakymly. Ol üstünlikleriň düzüminde halkara ähmiýetli wakalaryň bolmagy bizi has-da guwandyrýar. Häzirki günlerde Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzyň ägirt uly ösüşlerinde ylym-bilim ulgamlarynda gazanan ýeňişlerimiz uly ähmiýete eýedir. Eziz Watanymyzyň Ýer ýüzünde kuwwatly döwlet hökmünde tanalmagynda esasy orny ylym-bilim özgertmeleri eýeleýär. Bu ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, ähli bilim ojaklarynda ýaş nesliň ylym-bilim taýdan kämil derejede bolmaklary üçin Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz maliýe serişdelerini, maýa goýumlary gönükdirýär. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleri synlanyňda, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulandygyna göz ýetirmek bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda öňe sürülýän adyl we ynsanperwer syýasatyň düýp özeninde ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýaly asylly ýörelgeler bar. Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyzy halkara derejesinde berkitmek, ýurdumyzyň aýdyň geljegini bina etmeli türkmen ýaşlaryny ylym-bilim taýdan kämil, ukyply edip ýetişdirmek ýaly işleri amala aşyrmak biziň her birimiziň öňümizde anyk wezipeleri goýýar. Bu wezipeleri ýerine ýetirmäge bolsa ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Garaşsyz Watanymyzyň ähli ýerlerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalarynyň, döwrebap çagalar baglarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, ol binalarda dünýä ülňülerine laýyk okuwlary guramaga, sanly ulgamdan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilendir. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp häzirki wagtda türkmen ýaşlary sebit we halkara derejesindäki ýaryşlarda we bäsleşiklerde abraýly orunlary eýeläp, gymmat bahaly baýraklara mynasyp bolýarlar.

Täze döwür örän çalt depginler bilen özgerýän sanly tehnologiýalaryň zamanasydyr. Sanly ulgama geçmek işleri bilim ulgamynda hem güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Biziň Watanymyzyň geçmiş taryhyna ser salanymyzda, bu toprakda ylym-bilim bilen meşgullanyp, dünýä ähmiýetli açyşlary edip, atlaryny taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazmagy başaran birnäçe alymlar, söz ussatlary, dana şahyrlar diýseň köp bolupdyr. Olaryň bize goýup giden gymmatly mirasyny öwrenip, geljekki nesillerimize ýetirmek bolsa esasy wezipeler bolup durýar.

Häzirki wagtda bütin dünýäde telekeçilik pudagy iň çalt depgin bilen ösýän pudak hasap edilýär. Bu pudagyň çalt depgin bilen ösmeginde bolsa öz işinden lezzet alyp işleýän, ykdysadyýetimiziň dünýä derejesine çykmagy üçin yhlasly zähmet çekýän, kämil tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän ýaş hünärmenleriň zerurlygyny göz öňünde tutup hem-de ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky alnyp barylýan köp ýyllyk maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze ýokary we orta bilim mekdepleri döredilýär. Bu bilim edaralarynda dürli hünärleriň inçe syrlaryndan baş çykaryp bilýän, dünýäniň ösen döwletlerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň çalt depgin bilen ösdürilmegi üçin alnyp barylýan başlangyçlardan habarly türkmen ýaşlarynyň ençemesi ylym-bilim alýarlar.

Ähli ugurlarda sanly ulgam durmuşymyza işjeň ornaşýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň belent derejelere eýedigini, ösüşlerimiziň dowamat dowam bolýandygyny aýdyň beýan edýär. Islendik işe paýhasly, ylym-bilimli, döwrebap garaýyşlar bilen  çemeleşmek onuň netijeliliginiň kepili bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň innowasion pudaklarynyň emele gelmegi bolsa sanly ykdysadyýetde bolup geçýän prosesleriň kanunalaýyk dowamaty hökmünde çykyş edýär. Goý, halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!

Maýa GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň okuw müdiri.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.