Bitarap Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar
12-12-25
Şu gün BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen sazlaşykly gabat gelýär. Şeýle-de bu şanly sene mynasybetli döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda dabaralaryň we çäreleriň üstünliklere beslenýändigini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösýär we özgerýär, täze üstünlikler bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asylly ýörelgesi, parahatçylyk söýüjilik ýoly dünýä ýaýylýar. Häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem Ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli giň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şonuň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýy has-da artýar.
Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna alyp barýan giň möçberli işleri bilen halkara jemgyýetçiliginde möhüm orna, belent derejelere eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde çykyş etmegi, beýik başlangyçlary öňe sürmegi aýratyn bellärliklidir. Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrjak bu beýik başlangyç dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Bularyň ählisi hemişelik Bitaraplyga esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm sepgitlerini alamatlandyrýar.
Bitarap Watanymyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesine eýe bolmagy söwda ulgamyny, telekeçiligi, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistan halkara maliýe derejesini pugtalandyrýar, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklar yzygiderli kämilleşdirilýär, bu maksatlarda ýurdumyz Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu taslamalar ýurdumyzyň ykdysady, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny ösdürmäge, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýäniň iň öňdebaryjy, iň abraýly döwletleriniň hatarynda halkara hyzmatdaşlyga örän jogapkärli çemeleşýän, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň, özara düşünişmegiň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän geljegi uly hyzmatdaş hökmünde has-da meşhurlyk gazanýar. Mähriban Watanymyzyň gazanýan şeýle uly at-abraýyna buýsanýarys.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Habyp HALYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.