Hemişelik Bitaraplygymyz – baky bagtyýarlygymyz
12-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Türkmenistan Watanymyzyň 30 ýylyň içinde öňe süren dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy-da halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine elmydama ygrarlydygyny görkezýär.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta berjaý edýär. Türkmenistan Diýarymyz ýurdumyza gelen myhmana suprasyny boldan ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu adyl syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak bolsa halklary agzybirlik, adamkärçilik atly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýäde giňden dabaralanmasy hökmünde halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun alan Bitaraplyk ýurdumyzyň şanly taryhynda gazanan iň uly üstünlikleriniň biridir. Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berilmegi netijesinde halkymyzyň ýakyna yzzat etmek, ýadyňa hormat goýmak, islendik meseläni parahatçylyk ýoly arkaly çözmek ýaly ýörelgeleri bu ugurda esas edilip alyndy.
Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Diýarymyz syýasy we ykdysady taýdan umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan, ylmy-tehnikada, durmuş üpjünçiliginde, medeniýetde, sungatda dünýä jemgyýetçiligi bilen aýakdaş barýan döwlet hökmünde tanaldy. Iň esasy bolsa biziň hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz diňe bir milli bähbitlerimize däl, eýsem, umumadamzat bahbitlerine gulluk edýänligini, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň adamzada juda gerekdigini dünýä ykrar etdi. Üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, tutumly başlangyçlar halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetimizde demokratik esaslaryň ykrar edilmegine gönükdirildi.
Türkmenistan Watanymyzyň giň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarly bolmagy, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň dabaralanmagy netijesinde gazanylýar. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, islendik döwletara gatnaşyklarynyň netijeliligi halklaryň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň, olaryň dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy bilen kesgitlenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişlikde mynasyp ornuny eýeleýär.
Hemişelik Bitaraplygymyz baky bagtyýarlygymyzdyr, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly we birek-birege ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmegiň netijeli guralydyr. Hemişelik Bitaraplyk türkmen döwletiniň kemala gelmeginiň hem-de kämilleşmeginiň müňýyllyklara uzaýan taryhy çeşmesiniň ajaýyp miwesidir. Sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Altyn ANNANEPESOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.