«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygyna
12-12-25
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda Milli Liderimiziň tagallalary bilen kabul edilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy dabaralandyrylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dabaraly toýlanylýan hünär baýramy — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp baýramçylyk sowgady hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň hem-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy biz — lukmanlar, professor-mugallymlar üçin goşa şatlyk bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde gazanylýan uly üstünliklere buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary esasynda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda, Arkadag şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we Diploma mynasyp bolmagy hünär baýramyna mynasyp sowgat boldy.
Lukman Arkadagymyzyň kitabynyň «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalary», «Keselleriň öňüni almak — sagdyn durmuşyň esasy», «Sagdyn ene — sagdyn nesil», «Döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary», «Derman senagatynda ösüşler», «Melhemli şypahanalar», «Saglygy goramak döwletiň baş wezipesidir» atly bölümlerinde we beýleki ähli bölümlerinde beýan edilýän pikirler gymmatly taglymatlardyr.
Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň baplarynda ylmy sungat derejesine ýetirilen, gelip çykyşy ösümlikden bolan gymmatly şypaly hazyna hasaplanylýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumat berlip, olaryň dermanlyk häsiýetleri, ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri suratlaryň üsti bilen giňişleýin beýan edilýär.
Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleri ýygnamagyň düzgünleri, olaryň ynsan saglygyna edýän täsirleri, halk lukmançylygy esasynda taýýarlanylýan emler dogrusynda gyzykly söhbet edilýär. Türkmençe, latynça we rusça sözlük bolsa okyjylaryň derman ösümlikleri baradaky ylmy düşünjelerini artdyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi ajaýyp wakalara besleýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Altyn ANNANEPESOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.