ŞANLY SENÄ BAÝRAMÇYLYK SOWGADY
12-12-25
Toýlarymyzyň toýlara ulaşýan häzirki şanly günlerde hoş habarlar gelip gowuşýar. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby ähli ildeşlerimizde buýsanç döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli baýramçylyk sowgady boldy. Bu ajaýyp kitap türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny, hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik ýörelgesini aýdyň beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän bu ajaýyp kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň many-mazmuny beýan edilýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendir. Bu beýik taryhy wakanyň aýdyň beýanyny täze kitabyň sahypalaryndan okamak, kalbyň bilen buýsanmak uly bagtdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Dabaralaryň dowamynda täze kitabyň mazmuny barada täsirli çykyşlar edilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýylyň içinde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boldy. Hemişelik Bitaraplygyň aýdyň ýoly bu günki gün dünýä üçin nusgalykdyr, parahatçylygyň asylly ýörelgesidir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasaty, parahatçylyk söýüji ýörelgesi netijesinde uly ösüşler bilen toýlardan toýlara, baýramlardan baýramlara barýan, dünýä içre abraýy arşa galan Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Geçen 30 ýylyň içinde Türkmenistanyň halkara bileleşiginde tutýan orny, oňyn Bitaraplyk ýörelgesi has pugtalandy, mazmun taýdan baýlaşdy. Hormatly Prezidentimiz türkmen Bitaraplygynyň çuňňur many-mazmunyny nygtap şeýle belleýär: “Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri özara ynanyşmagyň, dialog arkaly hem-de jogapkärçilik esasynda ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm guralydyr. Bitaraplyk biziň häzirki zaman dünýägaraýşymyzy, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribelerimizi, dostluk we hoşniýetlilik däplerimizi özünde jemläp, dünýä döwletleriniň tagallalaryny birleşdirýär”. Ata Watanymyz özüniň hoşniýetlilik ýörelgesi bilen parahatçylyga, dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ýoly bilen uly ösüşlere barýar.
Her bir ynsanyň bagtyýarlygy paýlaýan toýly günlere bolan buýsanjy has-da ýokarydyr. Şeýle toýly günlerde hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly ajaýyp kitabyny ýüzümize sylýarys. Bu ajaýyp sowgat üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Bu ajaýyp kitabyň ähmiýetini we onuň many-mazmunyny ýaş nesle düşündirmek, wagyz-nesihat etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ajaýyp kitap şu günki we geljekki nesillerimize gymmatly sowgat hem-de gollanma bolar. Parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgesini ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.