DÜNÝÄ DEREJESINDE YKRARNAMA
12-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri rowaçlanýar, döwrebap mümkinçilikler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bilimiň iň döwrebap mümkinçilikleri, ýaşlaryň bilim öwrenmeklerinde ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler dünýäde uly ykrarnama eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänama ýurdumyza gelip gowuşdy.
Ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri dünýäniň 46 ýurdunyň 72 şäheriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň paýtagtynyň ylym-bilimi ösdürmekde, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň tutuş dowamynda okamagy babatda zerur şertleri döretmekde ýokary netijeleri gazanandygynyň ykrarnamasy boldy.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” dünýä ýurtlary, şol sanda halkara guramalar bilen hoşniýetli gatnaşyklar ýola goýulýar. Ynha, ylym-bilimde gazanylýan üstünlikler hem buýsandyryjydyr. Käbir maglumatlara ýüzlensek, 2013-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda tutuş dünýä boýunça şäherleriň 425-sini özünde jemleýän bu bütindünýä tory täze agza şäherleriň ähli ýaşdaky adamlaryň bilimleri özleşdirmekleri üçin ýerli derejede degişli işleri durmuşa geçirmek ugrunda aýratyn tagallalaryna hem-de ygrarlylygyna ýokary baha berýär. Oňa täze agzalaryň kabul edilmegi bilen, öwreniji şäherleriň sany 91 ýurtdan 425 şähere çenli artdy. Bu şäherler, takmynan, 500 million adamyň üznüksiz bilim almagy babatda zerur şertleri üpjün edýärler.
Aşgabat şäheri Porto-Nowo, Kair, Ankara, Lissabon, Er-Riýad, Hanoý, Buenos-Aýres ýaly şäherler bilen birlikde, şu ýyl bu tora kabul edilen 11 sany paýtagt şäheriň hataryna girdi. ÝUNESKO şu ýyl bu tora 12 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem ilkinji gezek kabul edilendigini habar berdi. Bu buýsandyryjy maglumatlar paýtagtymyzyň ylym-bilim mümkinçilikleriniň ýokarydygynyň, dünýä derejesinde ykrarnama eýe bolýandygynyň beýanydyr.
Häzirki döwürde bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, okatmagyň we bilim öwretmegiň iň kämil, döwrebap usullarynyň peýdalanýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Innowasion tehnologiýalar bilim ulgamyna işjeň ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde internet programmalaryň üsti bilen kitaphanalaryň, muzeýleriň maglumatlaryny, ylmy kitaplaryny öwrenmäge mümkinçilikler döredildi. Elektron kitaphanalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, bilimiň iň döwrebap usullaryny ösdürmek iň ýokary şertlerden habar berýär. Bularyň ählisi bilim özgertmeleriniň belent üstünligidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi çuňňur öwrenýän ýaşlaryň ümzügi ileri. Ýaşlar dünýäniň iň bir döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen bilim edaralarynda bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar. Ýokary bilim almak, ussat hünärmen bolup ýetişmek ýaşlaryň ýeke-täk arzuwy. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikleriň döredilmegi belent üstünlikleriň binýadynyň berkdigini beýan edýär. Ylym-bilimi dünýä derejede ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.