«Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
05-03-26
Türkmen halky saglygy beglige, uly baýlyga deňeýär. Şonuň üçin-de Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanylyp, 30 ýyl bäri üstünlikli durmuşa geçirilip gelinýär. Maksatnama laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullar we innowasion tejribeler ornaşdyryldy. Ine, şularyň özi hem ilatyň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine doly şaýatlyk edýär.
Eziz Diýarymyzda döwrebap şypahanalary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalary gurmak ýaly haýyrly işler hemişe üns merkezinde saklanylýar. Muňa mysal hökmünde, paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda Saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanyşandygyny aýdyp bolar. Täze guruljak saglygy goraýyş desgalary ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň üstüni ýetirip, olar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylar we halkymyza halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky beýanyna öwrüler. Dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp, ulanylmaga berilýän şeýle hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, sagaldyş-dynç alyş öýleriniň, sport desgalarynyň, şypahanalaryňdyr anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň barha köpelmegi bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýär.
Türkmenistan döwletimizde ekologik taýdan arassa önümleriň öndürilmegine, raýatlaryň sagdyn iýmitlenmegini üpjün etmäge aýratyn uly üns berilýär. Çünki sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy wezipeleriniň biri hem sagdyn iýmitlenmekden gözbaş alýar. Bu babatda ýurdumyzda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny Arkadag şäheriniň «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň şu ýylyň sentabrynda Moskwada bolan gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we degişli diploma mynasyp bolmagy hem aýdyň subut edýär. Munuň özi hem sagdyn iýmitlenmek wezipelerini üstünlikli amala aşyrýan önümçilik toplumlarynyň ekologik taýdan arassa önümleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň beýany bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, lukmanlar halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Aýratyn bellenilmeli zatlaryň ýene biri hem eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän lukmanlaryň ýokary hünär derejesi üpjün edilip, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen özara hyzmatdaşlygyň ýola goýlup, yzygiderli ösdürilýändigidir. Hut şunuň ntijesinde hem halkymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryna bolan elýeterliligi yzygiderli ýokarlanýar. Indi däp bolşy ýaly, her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli köp sanly möhüm ähmiýetli çäreler guralýar, saglygy goraýyş desgalary açylyp ulanmaga berilýär. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky üns-aladanyň, şeýle hem asylly käriň eýeleri bolan lukmanlara goýulýan sylag-sarpanyň ýokarydygyny alamatlandyrýandygynyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem halkymyzyň saglygyny goramak babatda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Nurtaç ŞÜKÜROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň E we ÇSGOYM-nyň Pulmonologiýa bölüminiň kiçi ylmy işgäri.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.