Sagdyn bedende - sagdyn ruh
14-12-25
Gyş paslynyň gelmegi adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine getirýär. Sepgitde howanyň üýtgemegi adama üýtgeşik täsir edip, bu wagt tebigatda gezelenç etmäge mümkinçilik döreýär. Gyşda arassa howada gezmek, dem almak adama ýakymly täsir edýär. Munuň özi ynsanyň janynyň sag, şähdiniň açyk, ruhubelent bolmagynda has ähmiýetlidir.
Arassa, açyk howada taplanmak sagdynlygyň girewidir. Howa adamyň bedenindäki maddalaryň alyş-çalşygyna, endamynyň hereketine täsir edýär. Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagyny, elleriniň hemişe arassa bolup, howply araçägi saklamagyny maslahat berýäris. Gyş paslynda açyk howada gezelenç edilende, käbirimiz galyň geýinmegi gowy görýäris. Howa sowuk bolsa-da, aşa galyň geýinmek maslahat berilmeýär. Aşa ýyly, galyň geýinmek, ýagny gyzmak immunitetiň peselmegine getirýär. Sowuk şemally howada adamyň başy hökman ýyly ýaglyk ýa-da başgap bilen örtülen bolmalydyr. Gyş paslynyň aýazly howasynda aýakgaplaryňyz özüňize laýyk, rahat, ýyly bolmalydyr hem-de olaryň dabany, mümkin boldugyça, düz bolmalydyr.
Sowuk howa, adam endamyny gyzdyrmak üçin köp energiýanyň, kaloriýanyň sarp edilmegi, Gün şöhlesiniň ýeterlik derejede bolmazlygy bedeni tapdan düşürýär, kesellere garşy göreşmek ukybyny, nerw ulgamyny, beýni dokumalaryny gowşadýar. Munuň özi adamyň sussupes, ukuçyl, gurbatsyz, ysgynsyz bolmagyna getirýär. Ol ýygy-ýygydan sowuklaýar, üsgürýär, burny dykylýar. Bugdaý unundan taýýarlanan, ajy gyzyl burçly unaşy içmek ýiti respirator ýokançlarynyň öňüni almak üçin peýdaly. Eger size kesel ýokuşan bolsa, adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan saklanyň. Sogan bilen sarymsagy köpräk ulanmaga çalşyň. Häzirki wagtda ýurdumyzda möwsümleýin döreýän kesellere garşy sanjymlar ýokary hilli waksinalar bilen geçirilýär. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň.
Gyş paslynda ýüze çykýan näsazlyklara garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, dogry iýmitlenmäge çalyşmaly. Iýmit önümleri her bir adamyň bedeniniň kuwwatly bolmagyny we kesellere garşy göreşmek ukybyny üpjün edýär, güýç berýär, dürli kesellerden goraýar we ýokanç kesellere garşy göreşmäge kömek edýär. Gündelik iýmitiňizde witaminlere, minerallara baý miweleri, ir-iýmişleri, ter gök we bakja, süýt we süýt önümlerini köp mukdarda ulanyň. Mundan başga-da, ter we kakadylan miweleriň gaýnatmalaryny (kompoty), gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň täze sykylyp alnan şiresini, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden narpyzyň, ýandagyň, çopantelpegiň, buýan köküniň, injir ýapragynyň demlemesini peýdaly içgiler hökmünde ulanmak maslahat berilýär. Limon, apelsin, mandarin ýaly sitrus miwelerinde witaminler uzak wagtlap saklanýar. Balygy we ýumurtgany, şeýle-de däneli ösümlikleri (süle, greçka, tüwi) hem ýatdan çykarmaly däldir.
Her bir adamyň iýmitleniş medeniýetini, zähmetiň we dynç almagyň tertibini öwrenmegi hökmandyr. Bedeni berkitmek üçin sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy özüňize endik ediniň. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny (immunitetini) berkidýär. Ertirki maşklary ýerine ýetirmek has-da peýdalydyr. Pyýada ýöremegiň, suwda ýüzmegiň, ylgamagyň, welosiped sürmegiň bedeniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr.
Haýal depginde uzak wagtlap ylgamak adam saglygyna ýakyndan ýardam berip, onuň ruhunyň belent bolmagyna getirýär. Ylgawa başlamazdan öň, hökman öz maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň! Ylgamak adamyň ýürek-damar ulgamyny berkidýär, gan basyşyny kadalaşdyrýar, beden myşsalarynyň hemme toparlaryny pugtalandyrýar, dem alyş agzalaryny, beýniniň işleýşini sagdynlaşdyrýar. Bu bolsa onuň saglygyny durnukly saklamagynda we berkitmeginde, işjeňligini, zähmete bolan ukybyny artdyrmagynda ýardam eder. Ylgamak üçin ýeňil, aşagy ýumşakdan galyňrak aýakgabyň (krossowkaň) bolmaly, egniňe hem tebigy süýümlerden taýýarlanan sport egin-eşiklerini saýlap almaly. Ylgaw wagtynda dem alyş kadaly bolup, esasy agram aýak bogunlaryna we aralykdaky oňurga sütünlerine düşýar. Bedeniň özboluşlylygy göz öňünde tutulyp, bedene gerek bolan möçberde agram salynmalydyr. Her bir adam, öz saglyk hem beden özboluşlylyklaryny nazara alyp, ylgamaga başlamazdan öň özüne laýyk gelýän fiziki maşklary ýerine ýetirmelidir. Maşklar saz bilen utgaşdyrylyp ýerine ýetirilse, has-da şähdiňi açýar.
Sagdyn durmuşda ýaşamak hemmämiziň durmuş ýörelgämizdir. Muny üpjün etmek üçin her birimiziň hemişe hereketde bolmagymyz, dogry iýmitlenmegimiz, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagymyz zerurdyr.
Her birimiziň sagdynlygymyz — jemgyýetiň sagdynlygy. Jemgyýetimiziň sagdynlygy bolsa döwletimiziň abadanlygy. Elmydama il-halkynyň bagtyýarlygynyň, asudalygynyň, sagdynlygynyň aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gurbanguly GAROWOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.