Il saglygy - ýurt baýlygy

15-12-25

Gyşda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. Gyş paslynda arassa howada gezmek, dem almak adama ýakymly täsir edýär. Munuň özi ynsanyň janynyň sag, şähdiniň açyk, ruhubelent bolmagynda has ähmiýetlidir.

Ýiti respirator ýokanç keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmalydyr. Derman serişdelerini özbaşdak ulanmak nädogrydyr. Çünki olar özbaşdak ulanylanda, birnäçe gaýraüzülmelere getirip biljekdigini unutmaly däl.

Sagdyn, kadaly iýmitlenmek saglygyňy goramakda we pugtalandyrmakda möhüm şertleriň biri. Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň we içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli. Witaminlere baý önümleri iýmeli. Milli tagamlarymyzyň biri bolan gyzyl burç goşulan unaşy maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy içmegi endik edinmeli.

Sowuk howa, adam endamyny gyzdyrmak üçin köp energiýanyň, kaloriýanyň sarp edilmegi, Gün şöhlesiniň ýeterlik derejede bolmazlygy bedeni tapdan düşürýär, kesellere garşy göreşmek ukybyny, nerw ulgamyny, beýni dokumalaryny gowşadýar. Munuň özi adamyň sussupes, ukuçyl, gurbatsyz, ysgynsyz bolmagyna getirýär. Ol ýygy-ýygydan sowuklaýar, üsgürýär, burny dykylýar. Bugdaý unundan taýýarlanan, ajy gyzyl burçly unaşy içmek ýiti respirator ýokançlarynyň öňüni almak üçin peýdaly. Eger size kesel ýokuşan bolsa, adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan saklanyň. Sogan bilen sarymsagy köpräk ulanmaga çalşyň. Häzirki wagtda ýurdumyzda möwsümleýin döreýän kesellere garşy sanjymlar ýokary hilli waksinalar bilen geçirilýär. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň.

Gyş paslynda ýüze çykýan näsazlyklara garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, dogry iýmitlenmäge çalyşmaly. Iýmit önümleri her bir adamyň bedeniniň kuwwatly bolmagyny we kesellere garşy göreşmek ukybyny üpjün edýär, güýç berýär, dürli kesellerden goraýar we ýokanç kesellere garşy göreşmäge kömek edýär. Gündelik iýmitiňizde witaminlere, minerallara baý miweleri, ir-iýmişleri, ter gök we bakja, süýt we süýt önümlerini köp mukdarda ulanyň. Mundan başga-da, ter we kakadylan miweleriň gaýnatmalaryny (kompoty), gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň täze sykylyp alnan şiresini, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden narpyzyň, ýandagyň, çopantelpegiň, buýan köküniň, injir ýapragynyň demlemesini peýdaly içgiler hökmünde ulanmak maslahat berilýär. Limon, apelsin, mandarin ýaly sitrus miwelerinde witaminler uzak wagtlap saklanýar. Balygy we ýumurtgany, şeýle-de däneli ösümlikleri (süle, greçka, tüwi) hem ýatdan çykarmaly däldir.

Her bir adamyň iýmitleniş medeniýetini, zähmetiň we dynç almagyň tertibini öwrenmegi hökmandyr. Bedeni berkitmek üçin sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy özüňize endik ediniň. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny (immunitetini) berkidýär. Ertirki maşklary ýerine ýetirmek has-da peýdalydyr. Pyýada ýöremegiň, suwda ýüzmegiň, ylgamagyň, welosiped sürmegiň bedeniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr.

Haýal depginde uzak wagtlap ylgamak adam saglygyna ýakyndan ýardam berip, onuň ruhunyň belent bolmagyna getirýär. Ylgawa başlamazdan öň, hökman öz maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň! Ylgamak adamyň ýürek-damar ulgamyny berkidýär, gan basyşyny kadalaşdyrýar, beden myşsalarynyň hemme toparlaryny pugtalandyrýar, dem alyş agzalaryny, beýniniň işleýşini sagdynlaşdyrýar. Bu bolsa onuň saglygyny durnukly saklamagynda we berkitmeginde, işjeňligini, zähmete bolan ukybyny artdyrmagynda ýardam eder. Ylgamak üçin ýeňil, aşagy ýumşakdan galyňrak aýakgabyň (krossowkaň) bolmaly, egniňe hem tebigy süýümlerden taýýarlanan sport egin-eşiklerini saýlap almaly. Ylgaw wagtynda dem alyş kadaly bolup, esasy agram aýak bogunlaryna we aralykdaky oňurga sütünlerine düşýar. Bedeniň özboluşlylygy göz öňünde tutulyp, bedene gerek bolan möçberde agram salynmalydyr. Her bir adam, öz saglyk hem beden özboluşlylyklaryny nazara alyp, ylgamaga başlamazdan öň özüne laýyk gelýän fiziki maşklary ýerine ýetirmelidir. Maşklar saz bilen utgaşdyrylyp ýerine ýetirilse, has-da şähdiňi açýar.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Mähri NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.