Baýramçylyk sowgady
24-02-26
Türkmen halky kitaby sarpalap, gymmatlyk hökmünde nesillere geçirip gelen halk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni-ruhy mirasymyzy, çuň mazmunly döwletli ýörelgelerimizi, täze taryhymyzyň öňe çykaran gymmatlyklaryny döwrebap görnüşde baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda tutumly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasyndan kemal tapan nusgalyk eserlerini hem görkezmek bolar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby ähli halkymyz üçin ajaýyp peşgeş boldy.
Hormatly Prezidentimiz uly şöhrata beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýylyň jemlenmegi bilen bagly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berip, «Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar» diýip belledi.
Mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň taryhy senesi türkmen halkynyň mertebesini belende galdyrýan, türkmen döwletiniň şan−şöhratyny dabaralandyrýan waka bolup, her birimiziň kalbymyzda egsilmez buýsanç duýgusyny döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýoly, milli kökleri, netijeli häsiýeti, döwrüň derwaýys meselelerini çözmekdäki orny barada giňden beýan edilýär. Aslynda, döwlet işgärleriniň, syýasatçylaryň, taryhçylaryň eserleri öz döwrüniň aýnasy bolup, döwrüň ruhuny dogruçyl beýan edýän, nesiller üçin gymmatly gollanma öwrülip galýar. Döwlet Baştutanynyň döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli bolan pikirlerini öwrenmek bolsa, şol döwrüň ruhuna, döwlet syýasatyna, ýörelgelerine hem-de milletiň ruhy gymmatlyklaryna has çuňňur göz ýetirmäge, oňyn pikirleriň ösdürilip, nesil terbiýesinde ýol-ýörelge edilmegine öz täsirini ýetirýär.
Bu kitapda dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen belent maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleri, parahatçylygyň, öňe gitmegiň, ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän başlangyçlaryň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Bu kitabyň taryhy gymmatlygy hem ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden açylyp görkezilmegindedir.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary boýunça ýerleşdirilen suratlar kitabyň mazmunynyň çeper bezeg aýratynlyklary bilen utgaşyp gitmegini üpjün edipdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza baýramçylyk mynasybetli sowgat eden täze kitaby dürli ulgamlarda işleýän hünärmenler, diplomatlar, halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öwrenýän alymlar, žurnalistler üçin hem-de ýaşlary watançylyk, Bitaraplyk ýörelgelerine wepaly, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek işinde bahasyz gollanma bolup hyzmat eder.
Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlan ajaýyp döredijilik sowgady üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işleri rowaç bolsun!
Akgyz GYLYJOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň ýöriteleşdirilen bilim (Defektologiýa) hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.