Döwrebap bilime giň ýol

16-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna gatnaşmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň has-da kämil şahsyýetler, Watany gülledip ösdürýän nesiller bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Munuň aýdyň mysalynda ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny görkezmek bolar. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikler, gurnaklar biziň bagtyýar zamanamyzda bagtly ýaşlaryň dünýägaraýşyny artdyrmagyň, olaryň aýdyň geljeginiň güwäsidir. Ylym-bilimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmek bolsa elbetde, her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr. Şeýle ösen tehnologiýalardan baş çykaryp, dürli hünärleri ele almakda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, hünäre ugrukdyrmak ýurduň ösüşine oňyn täsir edýär. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz biziň geljegimize — ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenip, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar baradaky syýasatyndan we döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, häzirki zaman ösen maglumatlar jemgyýetimizde ýaşlary milli äheňde, dünýä tejribesine daýanmak esasynda olarda bar bolan zehini ýüze çykarmak we endik başarnyklaryny kämilleşdirmek her bir bilim işgäriniň esasy borjudyr.

Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly­ – bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlar hakyndaky şeýle aladalaryň olaryň çagalyk döwründen başlanýandygyny, bilimlerini artdyrmaga, dünýägaraýşyny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny yzygiderli berjaý etmäge giň mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň kämil ahlak keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berýär. Ýaşlara halkara ölçeglerine laýyklykda bilim bermek, sagdyn bedenli, ruhubelent, käriniň hakyky ussady bolan hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talaby bolup durýar. Kämil ahlakly we ruhubelent ýaşlary terbiýelemek üçin Watanymyzda ähli zerur şertler döredildi. Döwrüň talaplaryna doly laýyklykda gurlan hem-de iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklary ýaşlaryň hyzmatynda goýuldy.

Ýurdumyzyň ösüşini mundan beýläk hem üpjün etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň bolup ýetişmekleri möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň tebigatyna söýgini, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemäge aýratyn üns berilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş neslimiziň bilimden ýüküniň ýetik, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berip, bu ugurdaky işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi. Ine, şeýle bagtyýar zamanada, bilim pudagynyň gülläp ösýän döwründe bilimli, başarnykly ýaş neslimiz kemala gelýär. Döwletimiz bilim ulgamyna uly möçberde maýa serişdelerini gönükdirýär, munuň özi yzygiderli kämilleşýän okuw maksatnamalary bolan döwrebap okuw mekdeplerini döretmäge mümkinçilik berdi. Bularyň hemmesi ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, aýratyn nygtamaly zatlaryň biri bilim edaralarynyň ähli görnüşlerinde we derejelerinde, degişli pudak ulgamlarynda hünärli bilimiň berilmegi, hünärmenleriň taýýarlanmagy, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy häzirki döwürde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda ylym we bilim ulgamyny ýurdumyzyň ösüşinde jemgyýetimiziň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegi nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamlarda hünärmenleriň kuwwatyny kemala getirmäge toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny, degişli düzümleri hem-de maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmagyň, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň möhümdigini belleýär.

Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Maral ATAJANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.