Ilatymyzyň saglygy - baş baýlygymyz

11-03-26

Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berk binýadyny goýan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde belent sepgitlere, uly üstünliklere ýetilip, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman lukmançylyk merkezleri guruldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ulgamda üstünliklere ýetmekde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen kabul edilen, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy esasynda durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň örän uly ähmiýete eýe bolandygyny bellemek aýratyn buýsançlydyr.

Ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmegiň, ony dünýä ölçeglerine laýyk getirmegiň esasy ugurlaryny öz içine alýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, döräp biljek keselleriň öňüni alyş we bejeriş işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilip başlananyna laýyk 30 ýyl doldy. Şol wagtyň dowamynda bu strategiýanyň çäklerinde ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bejermek, olary ir anyklamak, raýatlaryň saglygyny goramak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, iň täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny milli lukmançylygymyza ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ýaly ugurlar boýunça giň gerimli, netijeli işler amala aşyryldy.

«Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygary öňe süren türkmen halkynyň Milli Lideri, lukman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamata atarýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri barha köpeldilip, olaryň hili has-da ýokarlandyrylýar. Bu ugurdaky amala aşyrylýan özgertmeleriň, tutumly işleriň netijesinde Diýarymyzyň dürli künjeklerinde tutuşlygyna durky täzelenen, häzirki zaman ösen lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, döwrebap saglyk öýleri, köpugurly hassahanalar, täze, halkara derejeli saglygy goraýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň ösen infrastrukturasynyň üstüni ýetirýän döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy diňe bir bejeriş işlerine däl, eýsem, keselleriň öňüni almaga gönükdirilen saglygy goraýyş syýasatynyň hem esasy wezipelerine laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek barada giň gerimli tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ugurda gazanylýan üstünlikler barada gürrüň edilende, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň has-da kämilleşdirilendigini hem bellemek gerek. «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň hereket etmegi adam saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda kabul edilen kanunlardyr maksatnamalar «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgeden ugur almak bilen, ynsan saglygyny goramak hem-de sagdyn durmuşy berkarar etmek baradaky tagallalary özünde jemleýär.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda özgertmeler maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistan Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde ykrar etdiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmekde, bu ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmekde alyp barýan köpugurly işleri hemişe rowaçlyklara ýaran bolsun!

Ogulabat ANNABERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet pediatriýa kafedrasynyň assistenti.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.