Halkyň saglygy — döwletiň baş baýlygy
07-03-26
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, 2015-nji ýylda bolsa onuň rejelenen görnüşi kabul edildi. Uly üstünliklere beslenip geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu maksatnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, tutuş ýurdumyzda dabaraly çäreler geçirildi. Olarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň edildi. Çünki abadançylygyň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýär. Şu jähetden, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny düýpli kämilleşdirmek babatda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Şoňa görä-de, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde» ady bilen guralan ylmy-amaly maslahatda döwlet Baştutanymyzyň 11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Şeýle hem çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda dikuçarda aýlanyp, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurluşyklary dowam edýän we abatlaýyş işleri geçirilýän saglyk merkezleriniň ýagdaýy bilen tanşandygy barada aýdyldy. Hususan-da, hormatly Arkadagymyzyň sazlaşykly ösýän «Parahat» ýaşaýyş toplumynyň çäginde täze saglyk öýüni, «Tiz kömek» gullugynyň şahamçasyny gurmak boýunça degişli taslamalary taýýarlamak barada öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hil taýdan täze derejelere çykýandygyny görkezýär.
Ýeri gelende, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşygynyň bolandygyny bellemek gerek. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda degişli Ylalaşyga gol çekildi.
Şu ýerde ýaş nesliň saglygyny berkitmek babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň uly işleri alyp barýandygyny nygtamalydyrys. Gazna paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeleri yzygiderli bölüp berýär. Şeýle çagalar üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk bejergileri geçirilip, sagaldyş-dikeldiş işleri alnyp barylýar.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda alnyp barylýan nusgalyk işleriň ählisi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygydygynyň aýdyň güwäsidir. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Züleýha MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.