Halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde zenanlaryň orny

18-12-25

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine jogapkärli çemeleşilýär. Türkmenistan döwletimiziň bu ugurdaky hereketleri halkara derejede giň goldaw tapýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat munuň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.

Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkara forum zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekip, olaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň, milli we halkara derejede syýasy çözgütleri kabul etmek işine işjeň gatnaşmaklarynyň durnukly ösýän jemgyýeti kemala getirmek üçin esasy şertleriň biridigini aýdyň görkezdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Täze taryhy döwrümizde jemgyýetimizde ynsanperwer ýörelgeler, haýyr-sahawatly işler barha rowaçlanýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu babatda aýratyn orny eýeleýär. Ýakynda paýtagtymyzda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli «Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw» atly çäräniň geçirilmegi, şeýle hem gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrmagy taryhy ähmiýetli wakalardyr. 13-nji noýabrda bolsa Oguljahan Atabaýewanyň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşmagy çagalaryň we zenanlaryň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmekde möhüm itergi boldy. Şunda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara maslahat bilen ugurdaşlykda köpugurly sergi hem guralýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz bu möhüm foruma görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyranda: «Giň möçberli sergide zenanlaryň jemgyýetiň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşýandygy bilen baglanyşykly görkezijiler öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi Diýarymyzda zenanlaryň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň güwäsine öwrülmelidir» diýip belledi.

Forumyň geçirilýän ýerinde döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi halkara çäräniň ýokary guramaçylygyny üpjün etmekde ähmiýetlidir. Ýeri gelende, ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinden birnäçe daşary ýurt dillerini bilýän talyp gyzlaryň giň möçberli sergide degişli pawilýonlara wekilçilik edýändiklerini bellemek gerek. Şeýle hem meýletinçi we ýaş wagyzçy talyp ýaşlar hem gatnaşyp, bu forumyň ýokary guramaçylykly geçirilmegine möhüm goşant goşdular.

«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeginiň hem özboluşly many-mazmuny bar. Çünki Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde giňden ykrar edilýär. Awaza — dünýä ähmiýetli başlangyçlaryň ara alnyp maslahatlaşylýan meýdançasy, halkara hyzmatdaşlygyň, hoşniýetli diplomatiýanyň täze merkezi. Şu ýylyň awgustynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu hakykaty nobatdaky gezek dabaralandyryp, onuň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Şonda ýokary derejeli forumlaryň 7-siniň hatarynda zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň hem guralandygyny buýsançly bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat Türkmenistan döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde, zenanlaryň hukuklaryny giňeltmekde we bu ugurda halkara guramalar bilen çagalaryň inklýuziw ösüşi babatda gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm meýdança bolup hyzmat etdi.

Eziz Diýarymyzy dost-doganlygyň hem-de bütin adamzadyň gülläp ösüşiniň hatyrasyna beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Mähri NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.