Saglyk - döwletimiziň baş baýlygy
24-04-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, her bir ynsanyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek asylly maksatlaryň birine öwrüldi. Şu babatda durmuşa geçirilýän işler, saglyk maksatly gurlup ulanmaga berilýän desgalar, iň döwrebap enjamlar ýokary hilli lukmançylyk-bejeriş işlerini, şypahana hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilime uly üns berilýär. Bu babatda saglygy goraýyş ulgamynda hem netijeli işleriň alnyp barylmagy buýsançly ýagdaýdyr. Häzirki wagtda döwletimiziň ylmy merkezlerinde ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler, tebigy minerallar bilen adamlaryň saglygyny dikeltmek işleri alnyp barylýar. Ilatymyzyň gündelik ulanýan azyk önümlerini öndürýän ähli kärhanalarda, meselem, nahar duzuny ýod bilen, unlary demir bilen baýlaşdyrmak raýatlaryň saglygyny goramagyň aýdyň kepilidir.
Esasan hem, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyny aýratyn bellemek gerek. Tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde tebigy taýdan iň arassa önümleri öndürmäge mümkinçilikler döredilendir. Dagyň arassa çeşmeleri, jana melhem dermanlyk ösümlikler lukmançylygy ösdürmäge şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary bilen ýokary hilli, halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk önümleri aýratyn ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Arkadag şäherinde ýerleşýän «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleri we çaga iýmitleri şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we degişli diploma mynasyp boldy. Munuň özi dünýä nusgalyk şäherde durmuş maksatly, aýratyn-da, sagdyn iýmitlenmek wezipelerini üstünlikli amala aşyrýan önümçilik toplumlarynyň ekologik taýdan arassa önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň birnäçe taslamalary baradaky tabşyryklary bu günki gün üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada beýan edildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu günki günde saglyk ulgamynda durmuşa geçirilýän işler döwrebaplygy, ylma esaslanýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ylmyň iň täze gazananlarynyň netijesi bolan enjamlaryň saglyk ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy, ylym-bilimli hünärmenleriň kemala gelmegi aýratyn ähmiýetli işlerdir. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak üçin gurulýan hassahanalaryň, sagaldyş merkezleriniň ýokary innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýändigi saglygy goraýyş ulgamynyň ösýändiginden habar berýär. Mundan başga-da, lukmanlar özleriniň iş tejribelerinde döwrebap bejeriş usullaryny ulanýarlar.
Eziz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde meşhurdyr. Muňa biz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynda, saglyk maksatly işleriň has-da giň gerime eýe bolýandygynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýaşaýyş üçin ähli amatlylyklar döredilen, kämil saglygy goraýyş ulgamy bolan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýän, raýatlar hakynda ähli aladalar edilýän ýurtda adamlaryň ortaça ömrüniň dowamlylygy, çaga dogluşy artýar. Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen we yzygiderli durmuşa geçiren «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bu ugurda uly işler göz öňünde tutulandyr. Maksatnama esasynda gurlan saglyk maksatly binalar, oba saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar we beýleki desgalar, ilkinji nobatda, nesil sagdynlygyny üpjün etmäge niýetlenendir». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär we nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy üpjün edilýär. Bu bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýaş nesilleriň röwşen geljegini alamatlandyrýan aýdyň mysallardyr. Bu ýurdumyzyň sagdynlygyň mekanydygynyň, sagdyn durmuşyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde döredilýän giň mümkinçilikler saglygy goraýyş işgärleri, lukmanlary örän buýsandyrýar. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanýan lukmanlar, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ynsan saglygyny goramakda uly işleri alyp barýarlar. Il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Mubarak MURATOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýürek-damar hirurgiýa okuwly gospital hirurgiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.