Saglyk — bagtyň binýady

18-12-25

Häzirki  döwürde jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adam saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak  babatda durmuşa geçirilýän uly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly ýörelgesini dabaralandyrýar.

Ilatyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek babatdaky işler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu işleriň netijesi kesellemegiň derejesiniň peselmegi, ilatyň ortaça ömür dowamlylygynyň artmagy ýaly kesgitleýji görkezijilerde aýdyň ýüze çykýar.

Hormatly Prezidentimiziň goldawy netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan bina bolan Arkadag şäheriniň durmuş infrastrukturasynyň hatarynda saglygy goraýyş ulgamynyň ençeme desgalarynyň birnäçesi ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu düzüm ähli görkezijiler babatda halkara ülňülere laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe desgalaryny birleşdirýär. Şolaryň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi bar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen bu desgalaryň ählisi Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň garamagyna degişli bolup, onuň binasy esasy we ýanaşyk jaýlardan ybaratdyr. Toplumyň çep ganatynda arassaçylyk-epidemiologiýa gullugy, sag ganatynda bolsa dermanhana gullugy ýerleşýär. Şäheriň saglygy goraýyş edaralarynda dürli ugurly ýokary hünärli hünärmenler işleýärler. Bu ýerde dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek üçin ähli şertler döredildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda guwanç bilen aýdylmaly zat, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegidir. Onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleri, agyz-burun örtükleri, düşek daşlyklary öndürilip başlandy. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleri bilen ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralarynyň zerurlyklary üpjün edilýär. Onda öndüriljek önümler diňe bir içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletiň eksport mümkinçiliklerini-de artdyrýar. Ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerinden saglygy goraýyş ulgamynda zerur bolan dermanlyk serişdeleri, şeýle-de çagalar iýmitini öndürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň döredilýändigine daşary ýurtly hyzmatdaşlar uly gyzyklanma bildirýärler. Olardan GFR-iň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» maslahat beriş kompaniýasyny belläp bileris. Şeýle hem häzirki wagtda Koreýa Respublikasynyň hem tejribesi öwrenildi. Umuman, dürli ýurtlaryň tejribesi öwrenilip, lukmançylyk klasteriniň türkmen nusgasy döredilýär. Munuň üçin Arkadag şäheri ekologik taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän çig mal binýady bilen ygtybarlydyr.  

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň merkezi edarasynyň Arkadag şäherinde ýerleşmegi hem onuň ähmiýetini artdyrýar.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny, Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak,  Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Kararlara gol çekdi.  Resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi esaslandyryldy. Bularyň ählisi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.

Häzirki wagta üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň hem-de «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen kadalaryň netijeli amal edilýändigini görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny üpjün edip, halkymyzy sapaly durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

Begli MÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy. 

1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.


MUKADDES GYMMATLYK

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.