Ynsan saglygynyň goragynda
18-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşaýyş üçin ähli amatlyklar döredilen, kämil saglygy goraýyş ulgamy bolan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýän, raýatlar hakynda ähli aladalar edilýän ýurtda adamlaryň ortaça ömrüniň dowamlylygy, çaga dogluşy artýar. Dünýädäki iň uly baýlygyň saglykdadygy şübhesiz hakykat. Halkymyzyň «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk», «Bar zadyň sakasy saglyk» ýaly nakyllary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň wezipelerine laýyklykda, saglygy goramak işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramak wajyp bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde kämilleşdirilmegine uly itergi berýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýat merkezlerinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, şypahanalar, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary, sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi has-da ýokarlandyrylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belläp geçişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Çünki milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler munuň subutnamasydyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda häzirki döwürde ynsan saglygyny goramagyň möhüm meselelerini çözmegiň anyk ýollary beýan edilýär. Ýurdumyzda bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda saglyk öýleri, ylmy-kliniki merkezler we beýleki maksatly desgalar dünýäniň iň ösen enjamlary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Bu merkezlerde ildeşlerimiz sport bilen meşgullanyp, medeniýetli dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Munuň özi adam saglygynyň has-da gowulanmagyna, ýaş nesilleriň sagdyn ösmegine ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bu ugurda uly işler göz öňünde tutulandyr. Maksatnama esasynda gurlan saglyk maksatly binalar, oba saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar we beýleki desgalar, ilkinji nobatda, nesil sagdynlygyny üpjün etmäge niýetlenendir. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy saýylýan ynsan saglygy dogrusynda döwlet derejesinde edilýän aladalar bellenmäge mynasypdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda bolsa: «Gahryman Arkadagymyzyň manyly sözlerinde, bagtyýarlyk bilen sagdynlygyň arasyndaky berk baglanyşyk häli-şindi ýatlanylýar. Dogrudanam, ähli babatda bagtyýar bolmak üçin saglyk, sagdynlyk gerek. Bu beden sagdynlygy bilen deň derejede, hatda şondan hem öňde goýulýan ýene bir sagdynlyk hakynda — düşünje sagdynlygy hakdaky sözlerdir. Bagtyýarlygyň gözbaşy sagdyn düşünjelerdir. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bolsa, ilkinji nobatda, ynsany sagdyn düşünjeli bolmaga çagyrýar» diýlip, ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň näderejede möhümdigi barada bellenilýär.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem ýaş lukmanlary taýýarlamakda döwrebap işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdebimiz daşary ýurtlaryň ösen ylmy merkezleri, hassahanalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň obýektleriniň innowasion tehnologiýalarda keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini geçirmekde, şeýle hem ýurdumyzyň orta hünär lukmançylyk okuw mekdeplerine degişli kömegini berýär. Welaýatlardaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň guralýandygyny bellemek ýakymlydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki pudaklar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamyny hem yzygiderli kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.