Sagdynlygyň gözbaşy
13-05-26
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň sagdyn, abadan durmuşda ýaşamagy ähli zatdan ileri tutulýar. Şoňa görä, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak babatda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda yzygiderli ösüşler gazanylýar. Lukmanlarymyzyň dünýä tejribesini netijeli özleşdirmegi, keselleri bejermekde halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi bilen, ýokanç keselleriň birnäçesi ýok edildi. Paýtagtymyzda, ähli sebitlerimizdäki şäherdir obalarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalar guruldy. Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle hem Arkadag şäherinde hassahanalaryň, saglygy goraýyş desgalarynyň birnäçesiniň ulanmaga berilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara stomatologiýa, onkologiýa we pediatriýa merkezleriniň gurluşyklary hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaçlanýar. Şunda lukmançylygyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler raýatlaryň saglygyny goramaga, berilýän lukmançylyk kömekleriniň hil taýdan ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Eziz Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, şäherlerimizde we obalarymyzda adam saglygy baradaky aladany has-da güýçlendirmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuňňur mazmunly çykyşynda hem halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň möhüm orunda durýandygyny, saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň hödürlenilýändigini nygtady. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň, «Arçman» şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşyklarynyň üstünlikli dowam etdirilmegi munuň aýdyň mysallarydyr. Ýakyn wagtda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köpugurly hassahanasynyň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmagyň meýilleşdirilmegi, Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini gurmagyň göz öňünde tutulmagy örän guwandyryjydyr. Bularyň ählisi saglygy goraýyş ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň we ylmyň soňky gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde-de geljekki lukmanlary taýýarlamak, olara dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda bilim bermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýokary okuw mekdebi daşary ýurtlaryň ösen ylmy merkezleri, hassahanalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, mugallymlaryň, talyplaryň hünärleriniň kämilleşmeklerine uly ähmiýet berýär. Ol saglygy goraýyş ulgamynyň innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanyp, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini geçirmäge, şeýle hem ýurdumyzyň lukmançylyk orta hünär okuw mekdeplerine degişli kömekleri berýär.
Alym Arkadagymyzyň keremli topragymyzda ösýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly gollanma öwrüldi. Bu gymmatly işiň esasynda dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlar we ýygnaýjylar dermanlyk ösümlikler barada öz bilimlerini kämilleşdirýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly özgertmeleri durmuşa geçirip, halkymyzyň sagdyn durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Merjen JARÇYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.