Il saglygy – ýurt baýlygy

18-12-25

Islendik ýurtda adam bähbitleri ileri tutulýan bolsa, şol döwletiň jemgyýeti ösen, il-halky bagtyýardyr. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary öňe sürýän ýurdumyzda-da döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda umumadamzat bähbitli täze başlangyçlar öňe sürülýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji umumy mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Şu gün men bu forumyň münberinden «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny öňe sürýärin. Bolup geçen dünýä pandemiýasy, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýüze çykýan häzirki meseleler, keselçilikler we epidemiýalar raýdaşlyk we özara goldaw düşünjesiniň dünýä möçberinde adamyň saglygy, saglygyny goramaga hem-de bejergä bolan düýpli hukugy bilen birmeňzeşdigini görkezýär. Bu başlangyçda gürrüň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara lukmançylyk diplomatiýasynyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmak barada barýar» diýip bellemek bilen, umumadamzat bähbitli täze başlangyjy öňe sürdi.

Bu asylly başlangyç Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasy bolup, ählumumy geljegiň hatyrasyna halkara lukmançylyk diplomatiýasynyň bütin dünýä ýüzünde dabaralanmasyna öwrüldi. BMG-niň Awaza forumynda Türkmenistanyň şeýle ähmiýetli başlangyjy öňe sürmeginiň çuň manysynyň bardygy aýratyn bellärliklidir. Çünki deňze çykalganyň bolmazlygy häzirki döwürde lukmançylyk kömegini bermek, bu ugra degişli enjamlary we derman serişdelerini ibermek, zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek, ähli saglygy goraýyş ulgamynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin düýpli päsgelçilik döredip bilýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp hem biziň ýurdumyz bu başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça öz garaýyşlaryny beýan edip, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümlerinde iş alyp barmaga elmydama açykdyr.

Türkmenistan döwletimiz saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde nusgalyk işleri alyp barýar. Ýurdumyzda kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle-de Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy, Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy hereket edýär. Bu bolsa ýurdumyzda adam saglygynyň hemme zatdan ileri tutulýandygyny, ýyl-ýyldan has-da kämilleşdirilýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.

Goý, il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowamata atarýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan milli ykdysady özgertmeler, umumadamzat bähbitli beýik işler eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösüşlere beslesin! Ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterip, abadan durmuşy nazarlaýan umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Aýjemal GULMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.