Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun

18-12-25

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.

Gündogaryň beýik akyldary nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen pähim-paýhasly setirlerini ýörelge edinýän halkymyz ynsan saglygyny baş baýlyga deňeýär. Bu babatdaky ýörelge mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde, şol sanda Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly täze taryhy eýýamda üstünlikli dowam etdirilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işine, ilatyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berilýär.

Ýeri gelende, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem saglygy goramak bilen baglanyşykly kadanyň öz beýanyny tapandygyny bellemek gerek. Esasy Kanunymyzyň 52-nji maddasynda her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugynyň bardygy bellenilýär.

Lukman alym Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ynsan saglygyny goramak bilen bagly işler giň gerime eýe boldy. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň aýdanlary ähmiýet berilmäge mynasypdyr. Bu barada: döwlet Baştutanymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar» diýip aýratyn belleýär.

Hawa, täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işi, milli lukmançylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň we ondaky ynsan saglygyny goramak bilen maksatly desgalaryň, şeýle hem şypahanalaryň ilatyň hyzmatynda goýulmagy bilen, ilatyň saglygynyň goragy has-da ýokarlandy. Ýylyň dört paslynda-da şypahanalarda dynç almaga, saglygyny berkitmäge isleg bildirýän raýatlaryň sanynyň köp bolmagy olaryň işiniň we ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejedediginiň görkezijisi bolup durýar.

Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak maksady bilen, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleriň, saglyk öýleriniň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň beýleki desgalarynyň gurlup, yzygiderli ulanylmga berilýändigini hem bellemek gerek. Şol desgalaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelmegi olarda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede bolmagyny şertlendirýär.

Ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlary barada söz açylanda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan işleri, şeýle hem ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligini ýola goýan «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işini hem bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz ajaýyp başlangyçlary bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kitaplary, şol sanda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösüşlere besleýär. Bularyň hemmesi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen bagty bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşini dabaralandyrýar.

Ilatyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Geldimyrat SAÝYPOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň müdiri.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.