Saglygym — baýlygym
18-12-25
Parasatly pederlerimiz «Saglygym — baýlygym», «Bar zadyň sakasy ― saglyk» diýip, ähli ugurda baý tejribelerini, ýagşy durmuş ýörelgelerini nesillere miras goýmak bilen, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy bahasyz baýlyk hasaplapdyrlar. Häzirki wagtda şeýle asylly ýol-ýörelgeleriň Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýändigi ählimizi diýseň buýsandyrýar. Ýakynda lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bolsa lukmançylyk ylmyna möhüm goşantdyr.
Ilatyň saglygy döwletimiziň baş baýlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilip geçilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şunda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüniň tutulmagy, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze saglyk merkezleriniň açylmagy, paýtagtymyzda geçirilen halkara sergi we ylmy maslahat, Milli Liderimiziň täze kitaplaryny halkymyza sowgat bermegi bu baýramyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň, şeýle-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň elimize gowuşmagy biz — lukmanlar üçin tapylgysyz sowgatdyr. Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň mazmuny hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan ägirt uly ösüşlere bagyşlanýar.
Lukman Arkadagymyzyň türkmen tebigatynyň jana tenekar ösümlikleriniň kesel bejerijilik häsiýetlerini ylmy esasda açyp görkezmegi dünýä lukmançylyk ylmynda täze, düýpli tejribedir. Şoňa görä-de, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiň täze jildinde türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň 107-si barada giňişleýin we anyk-aýdyň maglumatlar beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Şu mynasybetli Gahryman Arkadagymyz halkymyza, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabyny peşgeş berdi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde elimize gowşan bu kitap baý many-mazmuny, täsirli beýan edilişi, özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiz täze kitabynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň 30 ýylda geçen taryhy ýoluny, ýeten belent sepgitlerini lukman nukdaýnazary bilen beýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak boýunça Diýarymyzda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ynsan üçin iň gymmatly zat onuň saglygydyr. Ynsan saglygyny goramak we onuň ömrüni uzaltmak ynsanyýetiň arzuwlap gelen esasy islegidir. Häzirki wagtda bu arzuw-islegler biziň ata Watanymyzda hakykata öwrülýär. Munuň özi eziz Diýarymyzda ähli tagallalaryň sagdyn jemgyýeti gurmaga, halkymyzyň bagtyýar, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Görnüşi ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamyny ylmy esasda ösdürmek babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip bellemegi bolsa beýik işlere badalga berýär. Goý, berkarar döwletimizi gülläp ösüşiň täze belentliklerine çykarýan, halkymyzyň saglygyny, ýaşaýyş-durmuşyny ähli zatdan ileri tutýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Maýa ATABALLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.