Sport — sagdyn bolmaga itergi berýän güýç
18-12-25
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň çar künjegi şatlyk-şowhuna, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler şanly wakalaryň buşlukçysy bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr». Bilşimiz ýaly, häzirki ajaýyp döwrümizde ynsan saglygy hakyndaky aladalar esasynda ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmek işleri barha rowaçlanýar. Eziz Diýarymyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni durmuşa giňden ornaşdyrmakda, mukaddes topragymyzyň dermanlyk ösümliklerinden peýdalanmakda, saglyga oňaýly täsir edýän şypahanalary enjamlaşdyrmakda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär.
Sport sagdynlykdyr, ruhubelentlikdir. Sporty söýýän, onuň bilen yzygiderli meşgullanýan islendik ýaşdaky adam beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, fiziki we ruhy taýdan işjeň bolýar. Her bir raýatyň sagdyn ruhda kemala gelmegi ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň berkarar bolmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Jemgyýetimiziň sagdynlygy, halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap sport desgalarydyr sport toplumlary bagtyýar ýaşlarymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülýär. Ýokary we orta okuw mekdeplerinde hem sport meýdançalarynyň bolmagy has-da guwandyrýar. Ýurdumyzda sporty dabaralandyrmakda, ýaşlarda sporta bolan söýgini ösdürmekde asylly işler alnyp barylýar.
Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty beýik maksada — agzybir halkymyzyň we geljekki nesilleriň bolelin, bagtyýar, parahat, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün agzybir halkymyz asuda durmuşymyzyň hözirini görýär, işleýär, döredýär. Ähli il-ulsumyz ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, raýatlarymyzyň abadan durmuşy we dürli ugurlarda zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi, ýaş nesil barada alada edilýändigi, halkymyzyň sagdyn bedenli we sagdyn ruhly bolmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek sözlerini beýan edip, bu ajaýyp döwürde — uly möçberli oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe parahatçylygy we döredijiligi ileri tutýan ýurtda ýaşaýandyklary üçin özlerini bagtyýar we buýsançly duýýarlar.
Sportuň saglyga peýdasynyň uludygyny bellemek gerek. Şonuň üçin hem sport gözellik hem sagdynlyk hökmünde ykrar edilýär. Sport — sazlaşyk hem ruhubelentlik, sagdyn bolmaga kuwwatly itergi berýän güýç, saglygyň gözbaşy. Ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagy üçin sportuň ähmiýeti uludyr. Hut şonuň netijesinde ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen sport desgalarynyň onlarçasy indi ençeme ýyl bäri halkymyzyň hyzmatynda.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilkinji gadamlarynyň ruhubelentlikden we sportdan başlanýandygy mälimdir. Sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik ýaşaýyş-durmuş endigine öwren halkymyz bu babatdaky mizemez ýörelgeleri, taryhdan biziň günlerimize gelip ýeten däpleri has hem ösdürip baýlaşdyrýar.
Türkmen halkynyň nakyllarynda «Bar zadyň sakasy saglyk» diýen pähim bar. Muňa dogry düşünýän raýatlarymyz dürli maşklary ýerine ýetirip, sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Ylaýta-da, ruhy zähmet bilen meşgullanýan adamlara maşklaryň görnüşlerini ýerine ýetirmek diýseň zerur. Bu bolsa uzak günki çekjek zähmetiňe hyjuwly ýapyşmaga ýardam berýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuşyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ynha, ýurdumyzyň ähli künjeginde sport toplumlarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň, ýörite sport mekdepleriniň bardygyny görmek bolýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ösüşleriň, özgertmeleriň, gül açýan durmuşyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwren we durmuşymyzy, ömrümizi bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Hudaýnazar ÖWEZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.