«Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
18-12-25
Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynda lukmançylyk we ylmy diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ilerletmek arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklaryň giňeldilýändigine aýratyn üns berilýär. Ulgamyň ösüşinde gazanylan uly öňegidişlikleriň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň netijesidigi nygtalýar.
Lukmançylyk diplomatiýasy saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklary gowulandyrmagyň, möhüm meseleleri çözmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň ýoludyr. Onuň netijesinde jemgyýetiň howpsuzlygyny we saglygyny gowulandyrmakda, hyzmatdaşlygy ösdürmekde we özara tejribeleri alyşmakda uly üstünlikler gazanylýar. Täze kitapda hem bellenilişi ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamynda toplanan tejribeleri baýlaşdyrmakda üstünlikleriň gazanylýandygy, telelukmançylyk, hususan-da, uzak aralykdan geçirilýän geňeşmeler we amaly lukmançylyga öňdebaryjy usulyýetleriň ornaşdyrylmagy arkaly tejribe alşylmagy üçin ylmy lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Bitaraplyk syýasatyna pugta eýerýän ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde saglyk we saglygy goramak bilen bagly anyk wezipeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň, özara tejribe alşylmagynyň adamlaryň saglygyny goramakdaky ählumumy wezipeleriň çözgüdine goşulýan uly goşantdygyny belleýär.
30 ýyllyk taryhy möhletiň dowamynda ynsan saglygyna gönükdirilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň meýilnamalaýyn esaslarda durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Ýagny ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamy, onuň maddy-enjamlaýyn hem-de kanunçylyk binýadyny düýpli kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny berkitmek, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäherinde Saglyk öýüniň, Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň täze, döwrebap binalarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berlendigi bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle-de Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze goşmaça binalar toplumynyň gurluşyklarynyň güýçli depginde dowam etmegi adam saglygynyň döwletimiziň baş baýlygy hasaplanylýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hemişe işjeň hereketdedigini alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň elimize gowuşmagy biz — lukmanlar üçin tapylgysyz sowgatdyr. Lukmançylyk diplomatiýasynyň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri halkara ykrarnama eýe bolýar. Milli Liderimiziň täze kitabynyň mazmuny hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan ägirt uly ösüşlere bagyşlanýar. Kitapda Türkmenistana bu ugurda gazanylýan üstünlikler üçin gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar barada maglumat berilýär. Şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşinde halkara ähmiýetli resminamalar barada beýan edilmegi «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby lukmançylyk diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny öwrenmekde gymmatly gollanma öwürýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ajaýyp sowgat bolan kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, hemişelik Bitarap Watanymyzyň lukmançylyk diplomatiýasynyň gülläp ösmegini arzuw edýäris. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Tyllagözel NURYYEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.