Sagdyn iýmitlenmegiň peýdasy
13-10-26
Sagdyn bolmak üçin dogry iýmitlenmek gerek. Şol sebäpden adamlara dürli mikroelementlere baý bolan tebigy iýmitler möhüm bolup durýar. Soňky ýyllarda sagdyn durmuşy nädip üpjün edip boljakdygy we adam ömrüni nädip uzaltmalydygy barada köp gözleg işleri geçirildi. Şonda dogry iýmitlenmegiň, zyýanly iýmitlerden daşda durmagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygy ýüze çykaryldy. Bu ugurda hünärmenler tarapyndan hödürlenýän maslahatlar peýdaly bolup biler.
Pasyl çalşygy we sepgit döwründe möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden goraglylygy üpjün edýär. Her paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda iýmitlenmek bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm şertidir.
Saglygy goramak hem berkitmek üçin, ilki bilen, şol barada dogry düşünjäniň bolmagy gerek. Kämil düşünje esasynda saglygyň näderejede gymmatlydygyna we ony berkitmegiň ýollaryna göz ýetirip bolýar. Bu bolsa öz-özünden döremeýär. Mälim bolşy ýaly, akyl hem saglyk iň uly baýlyklardyr. Bu iki düşünje bir-biriniň üstüni ýetirýär. Kitaplar, kämil bilim, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgeleri saglygy goramagyň ýollaryna belet bolmaga ýardam berýär.
Gök we miwe önümleri iýlende, gigiýeniki talaplary berk berjaý etmeli. Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň hem-de ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli. Günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk möçberde arassa agyz suwuny içmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygyny berk berjaý etmeli. Lukman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. Gan basyşyny we ganyň düzümindäki süýjini elmydama gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini özbaşdak kabul etmeli däl.
- Sarp edilýän duzlarynyň möçberini bir günüň dowamynda 5 grama çenli çäklendirmek gan basyşyň ýokarlanmagynyň, ýürek keselleriniň we beýnä gan inme howpunyň öňüni almaga ýardam edýär.
- Günüň dowamynda gök we bakja önümleriniň 400 gramyny sarp etmeklik ýokanç däl keselleriň ýüze çykma howpuny azaldýar.
- Duzlaryň aşa köp sarp edilmegi we kaliý ýetmezçiligi bedende ýokary gan basyşyny ýüze çykarýar. Bu bolsa öz gezeginde ýürek keseliniň we insultyň ýüze çykma howpuny ýokarlandyrýar.
- Iýmit önümlerinde saklanýan her hili turşular, duzlar, organiki birleşmeler görnüşinde bolan mineral maddalar süňklere, beden öýjüklerine, ganyň düzümine aralaşmak bilen, bedeniň ösmegine oňaýly täsir edýär.
- Bedendäki alyş-çalyş, ösmek we pikirlenmek ukyby beloklara bagly bolup, onuň bedende ýetmezçilik etmegi käbir witaminleriň, köp mikroelementleriň siňmeginde kynçylyk döredýär. Bu ýagdaý gormonal bozulmalara getirýär.
- Iýmit ýaglary kuwwatlylygyň hazynasy hasaplanýar. Iýmitde ýag ýeterlik derejede bolmasa, witamin ýetmezçiligi ýüze çykyp, birnäçe keselleriň döremek mümkinçiligi artýar.
Ýurdumyzy sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ylym-bilimiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jennet DÖWLETOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.