Baýramçylyk sowgady

19-12-25

Türkmen halky kitaby sarpalap, gymmatlyk hökmünde nesillere geçirip gelen halk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni-ruhy mirasymyzy, çuň mazmunly döwletli ýörelgelerimizi, täze taryhymyzyň öňe çykaran gymmatlyklaryny döwrebap görnüşde baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda tutumly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasyndan kemal tapan nusgalyk eserlerini hem görkezmek bolar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby ähli halkymyz üçin ajaýyp peşgeş boldy.

Hormatly Prezidentimiz 6-njy dekabrda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berip, «Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar» diýip belledi. Mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň taryhy senesi türkmen halkynyň mertebesini belende galdyrýan, türkmen döwletiniň şan−şöhratyny dabaralandyrýan waka bolup, her birimiziň kalbymyzda egsilmez buýsanç duýgusyny döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýoly, milli kökleri, netijeli häsiýeti, döwrüň derwaýys meselelerini çözmekdäki orny barada giňden beýan edilýär. Aslynda, döwlet işgärleriniň, syýasatçylaryň, taryhçylaryň eserleri öz döwrüniň aýnasy bolup, döwrüň ruhuny dogruçyl beýan edýän, nesiller üçin gymmatly gollanma öwrülip galýar. Döwlet Baştutanynyň döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli bolan pikirlerini öwrenmek bolsa, şol döwrüň ruhuna, döwlet syýasatyna, ýörelgelerine hem-de milletiň ruhy gymmatlyklaryna has çuňňur göz ýetirmäge, oňyn pikirleriň ösdürilip, nesil terbiýesinde ýol-ýörelge edilmegine öz täsirini ýetirýär.

Bu kitapda dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen belent maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleri, parahatçylygyň, öňe gitmegiň, ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän başlangyçlaryň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Bu kitabyň taryhy gymmatlygy hem ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden açylyp görkezilmegindedir.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary boýunça ýerleşdirilen suratlar kitabyň mazmunynyň çeper bezeg aýratynlyklary bilen utgaşyp gitmegini üpjün edipdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza baýramçylyk mynasybetli sowgat eden täze kitaby dürli ulgamlarda işleýän hünärmenler, diplomatlar, halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öwrenýän alymlar, žurnalistler üçin hem-de ýaşlary watançylyk, Bitaraplyk ýörelgelerine wepaly, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek işinde bahasyz gollanma bolup hyzmat eder.

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlan ajaýyp döredijilik sowgady üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işleri rowaç bolsun!

Aýnabat TOÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Prezidentiň ýanyndaky döwlet gulluk akademiýasynyň diňleýjisi.

169eefa8756e01.jpeg
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti

Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169e8553a1c8a5.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.


169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.