Ilat saglygynyň bähbidine

20-12-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler ähli halkymyzy guwandyrýar. Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen işlenip düzülen we häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli uzak geljegi nazarlaýan işler amala aşyrylýar.

Täze saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, bejeriş-dynç alyş merkezleri gurulýar, dünýä lukmançylygynda gazanylýan tejribeler işjeň ornaşdyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, kabul edilen milli maksatnamalardyr meýilnamalar saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maşgala lukmançylygyna geçilmegi bilen, saglygy goraýşyň ilkinji halkasynda alnyp barylýan işler düýpgöter özgerdi, keselleriň öňüni almaklyga, keseli irki, başlangyç döwründe ýüze çykaryp, raýatlaryň saglygyny dikeltmeklige we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeklige, ilatyň öz saglygy babatynda sowatlylygyny ýokarlandyrmaga giň gerim berildi.

Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we Ösüş maksatnamasy bilen gatnaşyklary täze derejelere çykarýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerde innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar raýatlarymyza döwrebap hyzmat edýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda häzirki zaman kliniki, ylmy-kliniki merkezleriň, saglyk öýleriniň täze binalary gurulýar. Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe täze döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy dowam etdirilip, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Türkmenabat şäherinde gurlan Glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi.

«Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamadan» ugur alnyp, her bir tebigy melhemiň çykýan ýerlerinde täze şypahanalar gurlup, bar bolan şypahanalaryň durky täzelenip, olary dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrmak işleri üstünlikli dowam etdirilýär.

Raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Bu edaralar özüniň bejerijilik, saglygy dikeldiş ähmiýeti boýunça halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýarlar. Häzirki günde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän «Arçman», «Bagabat», «Ýyly suw», «Berzeňňi», «Awaza», «Mollagara», «Farap», «Baýramaly», «Daşoguz» ýaly şypahanalar döwrebap derejede özgerdilip, birnäçe täze binalar bilen üsti ýetirilip, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, saglygyny dikeltmäge gelýänlere ýokary derejede dünýä ülňülerine laýyk hyzmat edýär. Şypahanalarda keselleri anyklaýyş, bejeriş bölümleri raýatlara hyzmat edýär hem-de bejeriş wannalary, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikler bilen fitobejergiler hem ulanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny paýhasly dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir raýatyň saglygy ugrunda alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Begli MÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.