Saglyk — ömrümiziň bezegi

20-12-25

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyz sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan berk binýady goýlan, bu günki günde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasaty döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam baradaky aladany baş ugur edinýär.

Ýurdumyzda ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaş nesilleriň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak ugrunda maksatnamalaýyn esasda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň möhüm ähmiýetini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen giňden wagyz etmek, bu ugurdaky toplumlaýyn çäreleri, ýerine ýetirilmeli işleri ilata düşündirmek işjeň dowam etdirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, bu babatda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerýän türkmen ýaşlary zyýanly endiklerden daşda durup, sporty hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini öz ýaşaýşynyň hemrasyna öwürýärler.

Şu ýylyň 18-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Karara gol çekip, «Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany» we ony amala aşyrmak babatda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamagy hem ýurdumyzda adamlaryň saglygy, bagtyýar, abadan durmuşy barada hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Zyýanly endikleriň bir görnüşi hasaplanylýan alkogolly içgileri köp ulanmak dünýä jemgyýetçiliginde adamlary maýyplyga hem-de heläkçilige getirýän ýaramaz närseleri, keselleri dörediji esasy sebäpleriň biridir. Alkogoly ulanmak şahsyýete we jemgyýete zyýan ýetirýär. 

Alkogoly howatyrly ulanmak psihonewrologik bozulmalaryň ýüze çykmagynyň, şeýle hem beýleki ýokanç däl keselleriň, ýürek-damar ulgamynyň, bagyr sirrozynyň, dürli onkologik keselleriň döremeginiň esasy howpy hasaplanýar. Alkogoly yzygiderli, köp mukdarda ulanmak käte ýokanç keseller, şol sanda adamyň imunnodefisit wirusy/imunnodefisit sindromy, inçekesel we öýkeniň dowamly keselleri bilen utgaşýar. Köp sanly keseller alkogol bilen baglanyşyp, bilkastlaýyn we tötänleýin şikesler alynýar.

Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy hereket edip, keselleriň öňüni almak bu babatda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Dürli görnüşli keselleriň döremegine sebäp bolup bilýän alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak işi döwlet derejesinde utgaşdyrylyp, giň gerimde alnyp barylýar. Ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak we adamlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edilen maksatnamada we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda bellenen wezipeler geçen ýyllarda toplanan tejribeden ugur alnyp kesgitlendi. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamanyň» üstünlikli durmuşa geçirilip, degişli ugurda gowy netijeleriň gazanylandygy guwandyryjydyr.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň alkogolyň zyýanly täsirini azaltmak boýunça Ählumumy strategiýasyna laýyklykda geçirilmeli çäreleri Türkmenistanda gurap, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak; alkogol serhoşlygyndaky adamlara kömek berýän ýöriteleşdirilen edaralaryň işini kämilleşdirmek; umumybilim edaralarynda alkogoly ulanmak bilen bagly howplara bagyşlanan sapaklary guramak we geçirmek; düzüminde alkogol saklaýan derman we kosmetiki serişdeleriň, beýleki spirtli suwuklyklaryň maksadalaýyk däl ulanylmagyny azaltmak boýunça goşmaça çäreleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek; jemgyýetçilik ýerlerinde alkogolly içgileri ulanmagyň öňüni almak maksady bilen, degişli gözegçilik işlerini alyp barmak; sagdyn durmuş ýörelgeleri barada ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirmek; köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde alkogoly ulanmagyň zyýanly täsiri barada degişli hünärmenleriň çykyşlaryny guramak, ylmy-amaly garaýyşly makalalary taýýarlamak ýaly wezipeleriň ýerine ýetirilmegi hem kesgitlenendir.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda hem-de «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýada» bu ugurdaky işleriň sazlaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, hususan-da, alkogolyň we beýleki zyýanly endikleriň täsiriniň öňüni almak, alkogola baglylykdan ejir çekýän adamlara we olaryň maşgalalaryna goldaw bermek boýunça işleriň berk kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilendigini aýratyn bellemek gerek. Muňa mysal edip, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Psihologik hyzmatlar hakynda», «Psihiatrik kömek bermek hakynda», «Durmuş hyzmatlary hakynda», «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we olaryň esasynda kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny görkezmek bolar.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, durmuş abadançylygy babatda bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.