Halkymyzyň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy

20-12-25

Il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, olary ir ýüze çykarmak, anyklamak we öz wagtynda bejermek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna, raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň has-da ýokarlandyrylmagyna, öz işine ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky özgertmeler şu ýyl 30 ýyllygy giňden bellenilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar. «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» kabul edilmeginiň we üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem döwletimizde halkyň saglygy baradaky aladanyň üns merkezinde saklanylýandygynyň aýdyň güwäsidigini bellemek gerek.

 

Eziz Watanymyzda çagalaryň saglygyny dikeltmekleri we olaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ýokary derejeli şertler döredilýär. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýadan ugur alnyp, toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekligine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin, amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan haýyr-sahawat işleri giň gerimde alnyp barylýar we her bir näsag çaga Gahryman Arkadagymyzyň üns merkezinde saklanylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary berildi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» öndürijisiniň «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamlarynyň, «Pemberton» enjamlar toplumynyň saglygy goraýyş edaralaryna sowgat berilmegi ýatdan çykmajak waka boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ekologik taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän çig mal binýady bolan Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleri öndürilip başlandy. Lukmançylyk klasteri lukmançylyk kömegini ýokary derejede dolandyrmagyň innowasion usulydyr. Ol derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny we serişdelerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda bilim bermäge, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň gowy dünýä tejribelerini ulanmak arkaly, ylmy işleri geçirmäge, diňe içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenendir. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň güwänamalaşdyryş ulgamy tarapyndan «Hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň» berilmegi onda öndürilýän önümleriň ýokary hilini kepillendirdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň berilmegi saglygy goraýyş işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Alnyp barylýan işlere ISO 9001 standartynyň ornaşdyrylmagy merkeziň hünärmenleriniň öz işlerini ýokary derejede ýola goýýandygyny, zerur hyzmatlaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini şertlendirýär.

Ýurdumyzda elektron ulgamyny döretmek we sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işler kämilleşdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamyna hem sanly ulgam barha işjeň ornaşdyrylýar, maglumatlary alyşmak üçin göni sanly aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar we telelukmançylyk ornaşdyrylýar. Iň täze telekommunikasiýa we kompýuter tehnologiýalary, uzak aralyga garamazdan, meýilnamalaýyn we tiz lukmançylyk kömegini bermek, şeýle hem keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak ulgamynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmek, tejribe alyşmak üçin ýokary hünärli daşary ýurtly hünärmenleri çekmäge we tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

Bu ugurda bize ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.