Halkymyzyň medeni mirasy – dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi

20-12-25

Ýakynda «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly Türkmenistanyň hödürnamasy Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu hoş habar diňe bir halkymyzyň däl, eýsem dünýä halklarynyň hem türkmen alabaýyna bolan gyzyklanmasyny, söýgüsini has-da artdyrdy.

Garaşsyz Türkmenistanyň soňky ýyllarda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň dowamynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň birnäçesiniň Bütin dünýäniň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, bu sanawyň üstüniň Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri bilen dowam etdirilmegi türkmen halkynyň medeni mirasynyň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýandygynyň subutnamasy boldy.

Türkmen alabaý itleriniň ösdürilip ýetişdiriliş däplerini öwrenmek, ýaýratmak we soňky nesillere ýetirmek tutuş adamzat üçin uly ähmiýeti bolan mirasdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaý itlerimiziň örän gadymy döwürlerden bäri adamzadyň ilkinji goragçysylary bolandygy hem-de ynsanyň ilkinji dostlary bolan bu itleriň keşbiniň gadymy sungat eserlerinde orun alandygy barada hem giňişleýin beýan edilýär.

Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary ençeme asyrlardan bäri halkymyzyň ýaşaýşynyň aýrylmaz parçasy, öý-ojaklaryň ygtybarly goragçysy bolup gelýär. Gadymy türkmen halylarynyň göllerinde tapylan it şekilleri, Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Jeýtunda, Pessejikdepe ýadygärliginde, Daňdanakanyň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan gadymy tapyndylar alabaýlaryň iň gadymy itleriň tohumlarynyň biridigini tassyklaýar.

Häzirki wagtda türkmen halkynyň ahalteke bedewleri, halylary ýaly milli baýlyklary bilen bir hatarda alabaý itlerine hem belent sarpa goýulýar. Bu gün türkmen alabaýynyň abraý-mertebesiniň älem-jahana dolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle netijäniň gazanylmagy üçin geçilen ýollarda örän uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, «Aziada — 2017» oýunlarynyň nyşany hökmünde ýaşajyk alabaýyň — Wepalynyň keşbiniň saýlanyp alynmagyny, edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegini, paýtagt şäherimiziň görnükli ýerinde «Türkmen alabaýy» atly heýkeliň ýerleşdirilendigini, şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilýändigini, welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap binalar toplumynyň açylandygyny, her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň, türkmen alabaýlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň geçirilýändigini we başga-da birnäçe netijeli işleri guwanç bilen bellemek bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň adyny Ýer ýüzünde beýgeldip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamak we olaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýedir. Çünki türkmen alabaýlary halkymyzyň köpasyrlyk taryhyndan häzirki günlere çenli ýetip gelen arzyly baýlygymyzdyr, ähli adamzadyň gymmatly mirasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen alabaýlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri, halkara derejede ösdürmek boýunça alyp barýan uly tagallalary, goý, mundan beýläk hem rowaçlansyn!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.