NESIL TERBIÝESINDE MILLILIK ÝÖRELGELERI
23-12-25
Türkmen halkynyň milli terbiýesi asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ýaşlara watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesine üns bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýaş nesilleriň terbiýesinde ata-babalarymyz kitap okamagy, bilim almagy ýörelge edipdirler. Şonuň üçin hem şöhratly taryhymyzda akylly-başly, sowatly şahsyýetleriň hemişe ýaşlara nusga bolandygyny görýäris. Şeýle hem, ýaşlary Watana wepalylyk, asyllylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemäge gönükdirilen işler halkymyzyň nesil terbiýesinde möhüm orny eýeleýär.
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde ýagşylygy, watansöýüjiligi wasp edýär. Munuň özi ýaş nesillerde aýratyn täsir galdyryp, asylly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle terbiýe bilen ösüp-ulalan perzent il-halka wepaly bolýar, belent ynsanperwerligi kalbyna guýýar. Munuň özi ýaşlaryň kämil ynsanlar bolup ýetişmegine oňat mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem ata-eneler çagalaryna öwüt-ündew bermekde nakyllara, nusgawy edebiýata salgylanýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hem türkmen ýaşlarynyň edep-terbiýesinde milli ýörelgeleri aýdyň görmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere milli gymmatlyklarymyz, nusgawy edebiýatymyz, ene dilimiz çuňňur düşündirilýär. Olara bu gymmatlyklaryň pähimdar pederlerimizden miras galandygy, bu günki günde hem ösdürilýändigi hakynda wagyz edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň röwşen nuruny boldan eçilýän günlerinde biz ýaşlarymyza bilim-terbiýe berenimizde halk arasyndaky parasatly sözleri, nakyllary, ýörgünli söz düzümlerini olaryň aňyna guýýarys. Munuň özi, ilki bilen, olarda milli garaýşy kemala getirýär, halkyň taryhy ýoluna, döreden gymmatlyklaryna söýgi döredýär. Bu işler özüniň oňat netijesini berýär, ýaşlaryň kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna täsir edýär.
Ýaş nesliň bagtyýar durmuşy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim-terbiýeçilik ulgamynda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär. Şonuň netijesinde türkmen ýaşlary Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Bu günki gün Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan özgertmeler oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda sanly bilimiň esasyny düzýän innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Geçirilýän okuw sapaklarynyň hili üznüksiz ýokarlanyp, berilýän bilimiň derejesi halkara ülňülerine gabat gelýär. Bilim alýan ýaşlara elektron kitaplary ulanma-ga we elektron kitaphanalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga has oňaýly şertler döredilýär. Onlaýn arkaly okuwlaryň guralmagy, bilim ojaklarynyň binýadynda sanly bilim portallarynyň döredilmegi ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilýändiginden, ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almagyna ähli şertleriň döredilýändiginden habar berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar we üstünliklere ýetilýär. Şunda ylym-bilimiň gazananlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini görmek bolýar. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde bu ugruň ilerlemegine aýratyn üns berilýär, giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebap ösdürýän, türkmen ýaşlarynyň bilim almaklary we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Zulfiýa RAHIMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.